logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Economics /Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy
  11.08.2025
1346
Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy

 “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän Hususy pudagyň forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

“DÇBÖBD-niň ösüş mümkinçilikleri” atly mowzuklaýyn mejlisde bu ýurtlaryň strategik mümkinçiliklerini peýdalanmak arkaly dünýä ykdysadyýetiniň çalt ösýän şertlerinde durnukly we inklýuziw ösüşe ýetmegiň hem-de olaryň uly kuwwatyny durmuşa geçirmegiň çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlis BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) bilen hyzmatdaşlykda geçirildi.

 

Bellenilişi ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň uly bölegini emele getirýän DÇBÖBD deňiz portlaryna göni çykalganyň ýoklugy sebäpli ulag, logistika we ykdysady kynçylyklara duş gelýärler. Şol bir wagtda, häzirki zaman tehnologiýalary, sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi we innowasion dolandyryş usullary bu ýurtlara täze mümkinçilikleri açýar. Sanlylaşdyrma we döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy halkara bazarlara we maliýe hyzmatlaryna elýeterliligi artdyrýar hem-de telekeçiligi ösdürmäge ýardam edýär.

 

Durnukly senagata maýa goýumlaryň gönükdirilmegi ykdysady ösüşi çaltlandyrýar we täze iş orunlaryny döredýär. UNIDO ekologiýa taýdan arassa önümçiligi goldaýar. Şeýle-de ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, eksporty artdyrmak we energetika çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Gaýtadan dikeldilýän energiýa we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara maýa goýumlar daşky gurşawy goramaga hem-de ösüşi gazanmaga mümkinçilik berýär.

 

Logistika ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, üstaşyr geçelgeleri ösdürmek we ulag geçişini ýeňilleşdirmek sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar. Bu ugurda Türkmenistan halkara ulag geçelgeleriniň köp şahaly toruny döretmek boýunça giň gerimli taslamalary amala aşyrýar. Ýurt derejesinde ykdysady ösüşe, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gowulanmagyna gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Merkezi Aziýanyň möhüm çatrygynda ýerleşip, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi ugrunda hem iş alyp barýar.

 

Netijede, forumyň jemleýji mejlisinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge hususy pudagy işjeň çekmegiň ugurlary kesgitlenildi we jemleýji resminama kabul edildi. Gatnaşyjylar çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdiler.

 

Jahan Ýazgeldiýewa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugalllymçylyk institutynyň talyby.