logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Syýasat /LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahaty jemlendi
  09.08.2025
1565
LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahaty jemlendi

Awazada Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar (LLDC) boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň üçünji maslahaty öz işini tamamlady. Maslahata agza döwletleriň, halkara guramalaryň, hususy pudagyň hem-de raýat jemgyýetiniň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Jemleýji plenar mejlisde söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, ulag we energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek, innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly meseleler boýunça geçirilen forumlaryň we “tegelek stoluň” duşuşyklarynyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar teklip edilen çäreleriň bu ýurtlaryň durnukly we inklýuziw ösüşine itergi berjekdigini nygtadylar.

 

Maslahatyň esasy netijeleri hökmünde “Awaza” syýasy beýannamasy we 2024–2034-nji ýyllar üçin “Awaza” Hereketler Maksatnamasy kabul edildi. Olarda söwdanyň ösdürilmegi, sanly özgertme, ulag geçelgeleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, howa täsirlerine durnuklylygyň ýokarlandyrylmagy we LLDC ýurtlarynyň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagynyň giňeldilmegi boýunça anyk çäreler görkezilýär.

 

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima maslahaty ýokary derejede gurandygy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirip, onuň halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açandygyny belledi. Türkmenistanyň daşary işler ministri bolsa kabul edilen resminamalaryň indiki onýyllyk üçin ýol kartasy bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

 

Ýazbibi AKYMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.