Ýapraklary atlaz kimin erez-erez, türkmeniň ak öýüne çalymdaş tuduň gudratyny bilýärsiňizmi? Tutdan ata-babalarymyz dutar, gap-çanak, darak ýasapdyrlar. Tuduň ýapragy bolsa ýüpek gurçugynyň arzyly höregi.
Gadymyýetiň Beýik Ýüpek ýoluna saldamly goşant goşan bu agaçda gudrat kän. Alymlaryň tassyklamagyna görä, ol adama peýdaly maddalaryň otuz birisini howa garýar. Onuň saýasynda ýatsaň, dynjyňy gowy alýarsyň, gan aýlanyşygyň kadalaşýar. Şonuň üçin-de, ýaponlar tut agajyny gapylarynyň, penjireleriniň öňünde ekýärler.
Tut agajynyň saglygymyza peýdasynyň köpdügi hemmämize mälimdir. Onuň miwesi adam bedeniniň gyzgynyny gaýtaryjy häsiýeti bilen bellidir. Bu şypaly häsiýeti tuduň ýapragyndan hem almak bolýar.
Lukmançylykda tuduň şeýleräk dermanlyk häsiýetleri bardyr:
* Tut ýapragy gan basyşy kadalaşdyrýar.
* Gandaky şekeriň derejesine gözegçilik edýär.
* Holestrin howpuny azaldýar.
* Ýürek-damar kesellerine peýdaly.
* Içegeleri we bagry arssalaýar.
* B1, B2 we B6 witaminlerine örän baý.
* Immuniteti ýokarlandyrýar.
* Süňkleri berkidýär, derini gözelleşdirýär.
* Iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar.
Ýurdumyzda tut agajyny ösdürip ýetişdirmegiň uly ähmiýeti bar. Bu agajyň adamzat ýaşaýşy üçin uly peýdasy bar, şeýle-de onuň ýurdumyzda netijeli alnyp barylýan ýüpekçilik pudagy üçin hem ähmiýeti uludyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda tut agajynyň balhy görnüşi, Lebap welaýatynda bolsa ondan başga-da, peýwent görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär.
Selim TÖRÄÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň agronomçylyk
hünäriniň 1-nji ýyl talyby.