BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen 2025-nji ýyl, dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýetine ünsi çekmek üçin “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hökmünde bellenilýär. Bu karar, global meseleleri çözmekde milletleriň birek-birege bolan ynamyny we hyzmatdaşlygyny artdyrmak zerurlygyny öňe sürýär. Häzirki döwürde dünýäni dürli kynçylyklar gurşap alýar: daşky gurşaw krizisleri, ykdysady deňsizlik, syýasy dartgynlyk we howpsuzlyk meseleleri. Bu meseleleriň çözgüdi diňe halklaryň we döwletleriň bilelikde işleşmegi arkaly mümkin. Parahatçylyk we ynanyşmak diňe bir konfliktsiz ýaşamagy däl, eýsem, adamzat ösüşiniň ähli ugurlarynda hyzmatdaşlygy hem öz içine alýar.
Halklaryň arasynda medeni, dini we etniki köpdürlüligi hormatlamak arkaly birek-birege düşünmegi ýokarlandyrmak, bütindünýä meselelerine çözgüt tapmak üçin döwletleriň, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň we hususy pudagyň bilelikdäki işini güýçlendirmek, parahatçylyk dörediji işlere, konfliktleriň öňüni alýan strategiýalara we gepleşiklere üns bermek, ähli adamlar üçin deňhukuklylygyň we adalatyň üpjün edilmegi bilen ynanyşmagyň esaslaryny pugtalandyrmak bu ugurda alynyp barylýan esasy meseleler bolup çykyş edýär.
Türkmenistan Watanymyz hem özüniň hemişelik bitaraplyk syýasatyna laýyklykda, halkara parahatçylyk we ynanyşmak işlerine öz goşandyny goşmagy dowam etdirýär. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan dünýäniň dürli guramalary bilen parahatçylyk dörediji taslamalarda işleşýär we bu meselede öňdebaryjy orny eýeleýär. 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, dünýäniň öňünde duran möhüm meseleleri çözmekde jemgyýetçilik garaýyşyny üýtgetmäge we bilelikde has durnukly geljegi döretmäge itergi berýär. Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir.
Gülnabat Toşşiýewa
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy.