Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady
  09.01.2025
567
Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady

Türkmenistanyň Mejlisi, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan bilelikde gurnalan “Türkmen zenanlarynyň halkara hyzmatdaşlygynda we milli gymmatlyklarymyzyň dünýä dabaralanmagyndaky orny” atly dabaraly maslahat geçirildi.


2024-nji ýylyň 21-nji martynda geçirilen bu maslahatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, 2025-nji ýyly "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýip yglan etmegi mynasybetli, ýaşlaryň halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýetini has gowy düşünmeklerine ýardam bermek maksady bilen dürli mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata ÝUNESKO kafedralarynyň, klublarynyň we Assosirlenen mekdepler toruna girizilen mekdepleriň işjeň agzalary, ýokary we orta hünär bilimi edaralarynyň talyplary onlaýn gatnaşdy.


Maslahat Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly goşgusyndan ybarat edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Çykyş edenler Türkmenistanyň milli gymmatlyklarynyň dünýä ýaýylmagyndaky zenanlaryň orny, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” şygary hem-de onuň mazmuny barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitaplarynyň mazmunyndaky türkmeniň parahatçylyk ýörelgeleri hem ýaşlara wagyz edildi.


Onlaýn diňleýjiler maslahatda wagyz edilen maglumatlaryň özleriniň Watana bolan ygrarlylygyny pugtalandyrandygyny, mukaddes türkmen Bitaraplygyny gorap, Watana hyzmat etjekdiklerini nygtap, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çuňňur hoşallyk bildirdiler.


Giň mazmuna beslenen maslahat Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusyndan taýýarlanan aýdymyň Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerinde ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

 

Jeren AHMEDOWA,
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ Diller kafedrasynyň mugallymy.