Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Gawun agajy barada nämeleri bilmeli?!
  11.12.2024
527
Gawun agajy barada nämeleri bilmeli?!

Gawun agajy ― papaýa. Onuň watany Merkezi we Demirgazyk Amerikadyr. Miwesi «mämişi gün» diýip, ösýän agajy bolsa «çörek miwesi» agajy diýlip atlandyrylýar. Papaýa atanak güllüler maşgalasyna degişli bolup, şahasy bolmadyk, inçe baldaklydyr, baldagynyň uzynlygy 10 metre çenli ýetip bilýär. Häzirki wagtda papaýa Taýland, Hindistan, Braziliýa we Peru ýaly ýurtlarda köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär.

 

Papaýa gawuna meňzeş häsiýetleri özünde jemleýär. Bişmedik miwesiniň tagamy bolsa süýji käşiriň, kädiniň tagamyny berýär. Bişen miwesi gawunyň tagamyna çalymdaşdyr. Onuň miwesi böwürsleniň ysyny ýatladýar. Miwesiniň agramy 1-7 kilogram, diametri 10-30 santimetr, uzynlygy bolsa 45 santimetre çenli ýetip bilýär.

 

Papaýanyň miwesi gurak garaňky ýerde goýlanda wagtyň geçmegi bilen bişýär. Onuň miweleri pes kaloriýaly, aňsat siňdirilýän iýmit bolup, onuň düzüminde köp mukdarda belok saklanýar. Şeýle hem glýukoza, organiki kislotalar, mikro we makro elementleri, şol sanda kaliý, kalsiý, demir, B, C, A we D witaminleri bar.

 

Bu agajyň dermanlyk häsiýeti köpdür.Oniki barmak içegäniň ýaralaryny aýyrmakda, ýürek bulanmagy, demgysmany, bagyr kesellerini bejermekde kömek edýär we iýmit siňdiriş ýollaryna melhemdir. Süýji keselli adamlara papaýa iýmek maslahat berilýär. Umuman, onuň ähmiýetli taraplary örän köpdür.

 

Döwlet GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.