Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Uçar ganatym bedew ✦ ✦ Tejen etrabynda “Hünärim bar-hormatym bar” atly sergi geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda söhbetdeşlik gurnaldy ✦ ✦ Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ Türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde üstünligi ✦ ✦ Bedew at — halkyň myrady ✦ ✦ “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik geçirilýär ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda iňlis dili boýunça olimpiada geçirilýär! ✦ ✦ “Materiallaryň garşylygy” dersinden IV halkara Açyk internet olimpiadasy geçiriler ✦ ✦ «Sanly tälimçi platformasyny işläp düzmek» ugrundan Hakaton bäsleşigi geçiriler ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /“Materiallaryň garşylygy” dersinden IV halkara Açyk internet olimpiadasy geçiriler
  05.02.2025
79
“Materiallaryň garşylygy” dersinden IV halkara Açyk internet olimpiadasy geçiriler

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Materiallaryň garşylygy” dersinden IV halkara Açyk internet olimpiadasy geçirilýär. Ähli ýokary okuw mekdepleriň talyplaryny bu olimpiada gatnaşmaga çagyrýar. Bu halkara olimpiadasy, dostlukly ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ylym we bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, zehinli ýaşlary kesgitlemäge, teoretiki bilimlerini we amaly başarnyklaryny ýokarlandyrmaga we tejribe alyşmaga goşant goşar.

“Materiallaryň garşylygy” dersinden IV halkara Açyk internet olimpiadasynyň resmi dilleri türkmen, rus we iňlis dilleridir. Olimpiada islendik ýokary okuw mekdebiniň, islendik hünäriň we okuw ýylynyň talyplary gatnaşyp bilerler.

“Materiallaryň garşylygy” dersinden IV halkara Açyk internet olimpiadasyna gatnaşmak isleýän talyplar barada maglumatlary hasaba almak 2025-nji ýylyň 15-njy martyna çenli institutyň web sahypasynda (https://tdbgi.edu.tm/Bildirisler/Bildiris-1.html/) geçirilýär.

Habarlaşmak üçin: (+99312) 28-18-05, +99365814482

E-poçta: tdbgiob@gmail.com

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi