Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde zenanlarymyza we olaryň bitirýän işlerine belent sarpa goýulýar, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy aýap saklamakda, ýaş nesillere wagyz ündew etmekde ägirt uly işler alnyp barylýar. Gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan el işlerimiz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu gün dünýäde giň tanalýar. Türkmen halkynyň zenanlarynda bolan näziklik, mähirlilik, gözellik, asyllylyk ýaly ajaýyp häsiýetleriniň ählisi bu sungatda jemlenendir.
Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Tejen etrap bölüminiň hem-de Tejen etrabynyň Medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamagynda 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli Tejen etrabynyň Tejen şäher Medeniýet öýünde “Hünärim bar-hormatym bar” ady bilen ene-mamalarymyzdan, ata-babalarymyzdan miras galan milli el-işlerimizi ýaş nesillerimize ýetirmek maksady bilen dabaraly sergi geçirildi.
Sergide etrabyň çeper elli zenanlarynyň ýerine ýetiren el işleriniň dürli görnüşleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde bagtyýar zamanamyzy wasp edýän aýdym-sazlar belentden-belent ýaňlandy.
Serginiň ahyrynda halkymyzyň medeni mirasyny, milliligini aýap saklamak we ony dünýä ýaýmak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.
Gülbahar ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesini hünärmeni.