Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Parahatçylyk — ynsan ömrüniň goragy
  20.12.2024
88
Parahatçylyk — ynsan ömrüniň goragy

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn Bitaraplyk ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň esasyny düzýär.

 

Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça halkara giňişlikde öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan yzygiderli goldanylýar. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

 

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Dünýäniň 86 döwleti onuň awtordaşy bolup çykyş etdi. Bu resminamanyň kabul edilmegi dünýä bileleşiginiň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy goramagyň zerurdygyny tassyklap, bu maksada ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge çalyşýandygyny aýdyň görkezdi. Kararnamanyň şeýle giň goldawa eýe bolmagy Bitarap Türkmenistanyň strategik maksatlarynyň umumy bähbitlere we meýillere laýyk gelýändiginiň, ýurdumyzyň BMG-niň Tertipnamasyna, ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy. Ýeňil bolmadyk häzirki şertlerde Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň öz wagtynda öňe sürlendigi äşgär görünýär.

 

Parahatçylyk taglymlary hakda oýa çümeniňde, ozaly bilen, dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitaby, «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Dowam bolsun!» goşgulary hakydaňa dolýar. Bu kämil eserler biziň şu günki Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli berk syýasatyny açyp görkezýär.

 

Halklar — bir jebis maşgala.

Ýaşasyn parahat durmuş!

 

Dünýäniň dürli halklarynyň dillerinde aýdyma öwrülen bu ajaýyp setirler bolsa «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesine pugta eýerýän halkymyzyň, agzybir milletimiziň, ähli nesillerimiziň Ýer ýüzünde adamzadyň beýik gymmatlyklaryny — parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrmak baradaky arzuwlarynyň çeper beýanydyr.

 

Yhlasbek HALNAZAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.