Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Saglyk ulgamynyň ösmeginde tehnologiýanyň orny ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi
  21.01.2025
23
Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda täze Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi. Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň adyndan gullugyň Aşgabat, Arkadag şäherlerindäki we welaýatlarynda ýerleşýän gümrükhanalaryna täze gulluk awtoulaglarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.


Täze açylan Gözegçilik-seljeriş merkezi döwrebap tehnologiýalar we intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde gümrük edaralarynyň işine gözegçilik etmek, serhetden geçirilýän harytlar baradaky maglumatlary ýygnamak we seljermek üçin ähli şertler döredildi. Şeýle-de, rentgen enjamlaryndan we maglumat ulgamlaryndan peýdalanyp, çalt we dogry çözgütler kabul edilýär. Serhetýaka gümrük nokatlarynyň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we howa menzilleriniň işine yzygiderli gözegçilik etmek hem-de koordinasiýany üpjün etmek merkezde ýola goýlan esaslaryndan biridir.


Merkezde, halkara ýük daşamalary bilen baglanyşykly, awtoulaglaryň ýurduň çägindäki hereketine gözegçilik etmek, şeýle-de rugsatnama we ygtyýar beriş düzgünleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça ýokary derejeli mümkinçilikler bar. Geoýerleşişi anyklaýan ulgamyň ulanylmagy bu işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrýar.


Sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan merkez, häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, gözegçilik we seljeriş işleriniň geçirilmegini üpjün edýär. Açylyş dabarasy gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Merkeziň düzüminde sanly aragatnaşyk arkaly duşuşyklar we okuwlar geçirmek üçin niýetlenen otag hem bar. Bu ýerde uzak aralykdan göni wideoaragatnaşyk arkaly ýygnaklar geçirip bolýar. Açylyş dabarasynda Lebap welaýatyndaky «Farap awtoýollary» gümrük nokady bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy görkezildi, bu bolsa sanly ulgamyň döwlet gulluklarynda netijeliligini açyk görkezdi.


Şeýle-de, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Döwlet gümrük gullugyna 7 sany döwrebap gulluk awtoulagy gowşuryldy. Bu täze ulaglar, gulluk işlerini sazlaşykly ýerine ýetirmekde, aýratyn-da Mobil toparlaryň işini kämilleşdirmekde möhüm orun eýelär. Bu gymmatly sowgat harby gullukçylaryň baýramçylyk güni aýratyn buýsanç duýgularyny oýardy we olaryň gulluk işlerine täze ruh bagş etdi.


Döwlet gümrük gullugynyň bu täze taslamalary ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde möhüm orny eýelemek bilen, gümrük işlerini döwrüň talaplaryna laýyk derejede ösdürmäge ýardam berer.