Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, alyp barýan il-ýurt bähbitli döwlet syýasatynyň esasynda eziz Diýarymyzyň her bir güni şatlykly-şowhunly wakalara beslenýär. Geçirilýän medeni çäreleriň, şatlykly wakalaryň aňyrsynda türkmen halkynyň geçen birnäçe müňýyllyk taryhy ýoly ýatyr. Milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza hormat goýmak, ýurdumyzda oňyn döwlet syýasatyny alyp barmak maksady bilen her ýyl belli bir şygar astynda üstünliklere beslenýär.
Üstümizdäki 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip bellenilmegi hem ýöne ýerden däldir. Türkmenistan Watanymyzda ähliumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirlen işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip biragyzdan goldanylmagy munuň aýdyň şaýadydyr.
Watanymyz tutuş Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty ýöredýär. Adamzadyň oňyn ýaşaýyş-durmuşy bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde halkara guramalary bilen jebis ysnyşykda hereket edýär. Şeýle hem, Türkmenistan deňhukuklyk, özara düşünişmek, açyk gapylar, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty goldaýar. 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy biziň ýurdumyz üçin häsiýetli bolan aýratynlyga eýedir. Çünki, 2025-nji ýylda Ata Watanymyza baky Bitaraplyk derejesiniň berilmegine göni 30 ýyl dolýar.
Asuda asmanyň astynda, parahat Zeminiň üstünde türkmen halkynyň we sebit halklarynyň parahat, bolelin, erkana durmuşda ýaşamagy ugrunda birnäçe işleri durmuşa ornaşdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildiresim gelýär. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Watanymyzyň parahatçylygy ugrunda alyp barýan işleri mundan beýläk hem ileri bolsun!
Gülsenem HANOWA
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň müdiri