Mary şäherindäki 36-njy orta mekdepde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň "Hakyda Göwheri" atly täze kitabyny okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmak boýunça welaýatyň bilim işgärleriniň usuly-amaly okuw maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň "Gaýrat" we "Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna" atly medalynyň eýesi, halypa bilim işgäri Nurnazar Jumanazarow hem-de Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünär kämilleşdiriş bölüminiň müdiri Sapargeldi Durdyýew gatnaşdylar.
Usuly okuwyň dowamynda myhmanlar taryhy ýadygärlikleriň öwrenilişiniň, täze tapyndylaryň ähmiýetiniň we olaryň ýaş nesle öwrediliş usullarynyň ähmiýetini belläp geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň "Ömrümiň manysynyň dowamaty" kitabynda beýan edilen terbiýäniň 12 görnüşiniň "Hakyda Göwheri" atly kitapda täze taryhy maglumatlar bilen baýlaşdyrylandygy hem aýratyn nygtaldy.
Maslahatyň dowamynda bilim işgärlerine okuw-terbiýeçilik işlerinde täzeçe çemeleşmeleri peýdalanmak boýunça täsirli maslahatlar berildi we olaryň sowallaryna jogaplar berildi. Çykyş edenler Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini aýdyp, täze eýýamyň beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi
Jeýhunmyrat ARAZMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.