Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ylmy eserleriň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti ✦ ✦ Ak şäherim Aşgabat ✦ ✦ Halkara fiziologiýa merkeziniň saglygy goraýyşdaky ähmiýeti ✦ ✦ Narpyzyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Burçly gülhatma – Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümligi ✦ ✦ Anatoliý Buşmakiniň 90 ýaşy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby boýunça maslahat geçirildi ✦ ✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Halkara fiziologiýa merkeziniň saglygy goraýyşdaky ähmiýeti
  12.01.2025
27
Halkara fiziologiýa merkeziniň saglygy goraýyşdaky ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamynda hem birnäçe öňe gidişlikler, zähmet üstünlikleri gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan saglyk syýsatynyň esasynda ýurdumyzda adam saglygyna ýokary derejede üns berilýär. Çünki, saglyk – bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlykdyr.


Milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen  ýurdumyzda dünýä ülňülerine gabat gelýän döwrebap innowasion tehnologiýalar durmuşa ornaşdyrylýar. Aşgabat şäherinde gurlup-ulanylmaga beriljek 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem ynsan saglygyny goramakda ýokary derejede ähmiýetiniň boljakdygy ikuçsyzdyr. Bu saglyk merkezinde geljekde diňe bir biziň öz ýurdumyzda däl, eýsem sebitde köp duş gelýän keselleri bejermekde giň mümkinçilikler dörediler. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde süjüli diabet keselininiň, bedeniň dem alyş we gan aýlanyş ulgamynda döreýän näsazlyklaryň öňüni almakda we bejermekde birnäçe işler amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da adam bedeniniň madda alyş-çalşygynda döräp biläýjek keselleri bejermek göz öňünde tutulýar. Bu ylmy-kliniki merkezde Aralýaka sebitiniň adam saglygyna ýetirýän täsirini öwrenmek, kadaly iýmitlenmegiň, sportuň, zähmetiň fiziologiýasyny ylmy esasda taýýarlamak, ýurdumyzyň çäginde we sebitde ýaýran dermanlyk ösümlikleriň ähmiýetini açyp görkezmek üçin giň şertler dörediler. Barlaghana otaglary dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen ornaşdyrlyp, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekmäge höwesli ýaşlaryň birnäçesi üçin täze iş orunlary dörediler.


Umuman aýdanymyzda ýurdumyzyň paýtagtynda tiz wagtyň içinde gurlup ulanylmaga beriljek Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi gurak zolagyň meselelerini öwrenýän we bu meseleleri çözmekde ähmiýeti boljak desga bolar.

 

Gülsenem HANOWA
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň müdiri