Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Magtymguly Pyragy – beýik akyldar
  08.01.2025
532
Magtymguly Pyragy – beýik akyldar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň neşir edilmegi täze ýylyň öňüsyrasynda ähli halkymyzy, aýratyn-da, döredijilik işgärlerini begendiren şatlykly waka boldy. Çünki bu ajaýyp kitap çeper söze sarpa goýýan, kalby Magtymgululy her bir türkmen üçin gymmatly serpaýdyr. Kitapda, Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyna, parasatly öwüt-ündewlerine, ruhy dünýäsine täzeden göz ýetirilýär.


Kitapda, Magtymguly Pyragynyň mekdebiniň kemala gelşi barada-da gyzyklydan täsirli söhbet edilýär. Akyldar şahyr Mäne baba, Mahmyt Pälwan, Omar Haýýam, Hoja Ahmet Ýasawy, Azady, Andalyp ýaly danalaryň edebi gymmatlyklaryndan ruhlanyp, kämil eserleri döredipdir. Şeýdibem, Magtymguly Pyragy halkyň milli durmuşyna esaslanýan mekdebi döredipdir. Onuň mekdebinden täsirlenen nusgawy şahyrlarymyz, şeýle hem, şygryýet dünýäsinde ajaýyp eserleri halka peşgeş beripdirler.


Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu kitabynda, Magtymguly Pyragynyň Aşgabadyň günortasynda, Köpetdagyň etegindäki baýryň üstünde dikilen 60 metre barabar belent ýadygärligi we ol ýerde döredilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy barada-da parasatly pikirleri beýan edýär. Bu toplum Gahryman Arkadagymyzyň ýene bir ajaýyp eseridir.


Magtymguly Pyragy – beýik hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerine tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip, adamzada söýgini sygdyryp bilen akyldardyr. Şahyryň berýän öwüt-ündewleri bilen biz belent ahlaklylykda terbiýeläp bilýäris.


Magtymguly Pyragynyň eserleri mizemez binadyr, bu binanyň sütünleri älem-jahana, barlyga hem-de barlygy bar edene söýgüden gurlandyr. Halkymyza we ähli adamzada bolan mähire ýugrulandyrylan bu eseriň neşir edilmegi mynasybetli, hormatly Prezidentimizi we ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.

Gaýrat KAZAKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ
Gidromeliorasiýa fakultetiniñ  3-nji ýyl talyby.