Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
  05.01.2025
370
Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda "2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" şygaryna bagyşlanyp, dabaraly maslahat geçirildi. Bu maslahatda talyplar we mugallymlar giňden gatnaşdylar.


Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýylyň özüne mahsus at bilen atlandyrylmagyny belläp, 2025-nji ýylyň "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" atlandyrylmagyny Türkmenistanyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" atly goşgusyna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esaslanyp karar edilendigini nygtadylar.


Dabaranyň dowamynda talyplar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Serdarymyzy wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Aýdym-sazly şowhuna öwrülen dabarada ruhubelentlik döredi.


Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýdyp, dabarany jemlediler.


Çeşme: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

 

 

Mekan KAKAJANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.