Hormatly Prezidentimiziň Milli Liderimiziň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan ösüşler «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly bolup, halkymyzyň saglygyny goramakda täze sepgitleriň gazanylmagyna şert döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglyk öýleri, köpugurly hassahanalar we sagaldyş-dikeldiş merkezleri gurulýar. Bu ösüşler ýurdumyzyň ilatyna hödürlenýän saglyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylýandygyny subut edýär.
Paýtagtymyz Aşgabatda gurlan 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, dürli kesellerden soň näsaglaryň saglygyny dikeltmekde netijeli iş alyp barýar. Merkeziň hyzmatlaryndan peýdalanýan uly ýaşlylar we çagalar ýürek-damar, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, daýanç-hereket ediş ýaly kesellerden we operasiýalardan soň saglyklaryny dikeldip bilýärler.
Merkeziň innowasion tehnologiýalarynyň hatarynda Niderlandlar Patyşalygynyň «Motek Medical» kompaniýasynyň «Caren» atly toplumlaýyn enjamy bar. Bu ulgam esasan reabilitasiýa, diagnoz goýmak we keselleriň ilkinji tapgyrlarynda hereketlere gözegçilik etmek üçin ulanylýar. Onuň üýtgeşik aýratynlyklary şulardan ybaratdyr:
«Caren» ulgamy wirtual hakykat bilen işläp, näsaglaryň beden hereketlerini hem-de deňagramlylygyny takyk derňemäge mümkinçilik berýär. Ulgamyň uly ekrany we ýokary durulykly kameralary näsagyň hereketleriniň biomehanikasyny doly analiz edýär. Bu bolsa lukmanlara keseliň ilkinji alamatlaryny anyklamakda kömek edýär. Bu enjam diňe bir diagnoz goýmak üçin däl, eýsem, reabilitasiýa bejergilerinde hem giňden ulanylýar. «Caren» ulgamy arkaly näsaga ýöriteleşdirilen maşk programmalary düzülýär we simulýasiýa arkaly olaryň ýerine ýetirilişi gözegçilikde saklanýar.
«Caren» ulgamynyň başga bir aýratynlygy, ol 3D görnüşinde näsagyň hereketlerini analiz etmekdir. Bu tehnologiýa esasynda näsagyň deňagramlylyk ýitirilmesi, aýak we bogun hereketleriniň asynhronlygy ýa-da sinhronlygy barada takyk maglumat almak bolýar. Bu maglumatlar bejeriş meýilnamasyny has täsirli düzmäge kömek edýär.
Türkmenistanyň saglyk pudagynda gazanylýan üstünlikler halkara tejribäniň işjeň peýdalanylmagy bilen has-da kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň lukmanlary Ýewropa ýurtlaryna iberilip, iş tejribelerini artdyrýarlar. Şol bir wagtda-da daşary ýurtly hünärmenler türkmen saglyk merkezlerinde işläp, tejribe alyşýarlar. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, saglyk ulgamynyň geljekki ösüşine hem ýol açýar.
Türkmen halkynyň saglygyny goramakda möhüm orny eýeleýän Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi saglyk ulgamynyň ösüşiniň aýdyň mysaly bolup durýar. Şeýle merkezleriň döredilmegi saglygy goraýyş ulgamynyň ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen utgaşykly ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Raisa ISRAFILOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gistologiýa
sitologiýa we embriologiýa kafedrasynyň
uly mugallymy.