Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar soňky ýyllarda täze ösüşlere eýe bolýar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda barha giňelýär. Soňky geçirilen ýokary derejeli saparlar we gepleşikler bu gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz resmi sapar bilen Malaýziýa baryp, ýurduň ýolbaşçylary bilen birnäçe ýokary derejeli duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň täze sepgitlere çykmagyna itergi berdi.
Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk, aýratyn hem Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň gatnaşmagynda üstünlikli dowam edýär. Kompaniýanyň Hazar deňzindäki kenarýaka sebitlerinde nebit we gaz çykarmak boýunça amala aşyrýan taslamalary, iki ýurduň ykdysady ösüşine hem-de halkara energiýa bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly mümkinçiliklere eýe. Iki ýurduň arasynda maýa goýumlary ösdürmek, söwda dolanyşygyny artdyrmak, ýokary tehnologiýalary we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça täze başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir ykdysady ösüşe däl, eýsem, sebitleýin we halkara derejesinde durnukly hyzmatdaşlygyň berkarar bolmagyna hem hyzmat eder.
Gülşat Alyýewa,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.