Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Saglyk ulgamynyň ösmeginde tehnologiýanyň orny ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Süýjüli diabet keseliniň patogenezi
  20.01.2025
16
Süýjüli diabet keseliniň patogenezi

Süýjüli diabet häzirki wagtda Ýer ýüzünde giňden ýaýran keselleriň biridir. Bu kesel diňe bir gartaşan adamlarda däl, eýsem, ýaş çagalarda hem ýygy-ýygydan duş gelip ugrady.

Süýjüli diabet – endokrin keselleriň toparyna girýär. Bu kesel aşgazanasty mäziň insulin gormonynyň otnositel ýa-da absolýut ýetmezçiliginde bedende uglewodlaryň, has takygy glýukozanyň özleşdirilmegindäki näsazlyklar esasynda peýda bolýar. Bu keseliň netijesinde bedendäki maddalaryň çalşygy bozulýar.

Medisinada süýjüli diabetiň ýüze çykyşynyň anyk sebäbi barada takyk maglumat ýok. Bu keseliň bedende peýda bolşy köplenç genetiki nesle geçijilik bilen baglanyşdyrylýar. Beden iýmit kabul edenden soň, ganda şekeriň mukdary ýokarlanýar. Aslynda beden bu şekeriň mukdaryny kada laýyk getirmek üçin insulin gormonyny işläp çykarmaklyga habar berýär. Süýjüli diabet keselinde bu yzygiderlilik bozulýar. Ýagny insuliniň işlenip çykarylyşy iň pes derejä düşýär ýa-da tutuşlygyna togtaýar. Bedende insuliniň mukdary ýeterlik derejede bolsa-da öýjükler bu gormony “tanap” bilmeýärler.

Süýjüli diabetiň 2 görnüşi bolýar. Patologik hadysanyň etiologiýasy boýunça bu iki görnüş biri-birinden tapawutlanýar. Süýjüli diabetiň irki basgançaklarynda bu keseliň alamatlary gowşak duýulýar, ýagny suw üpjünçiligi kadaly derejede bolan halatynda hem bedende teşnelik peýda bolýar, deride guramaklyk we gijilewük ýüze çykýar, beden mydama açlyk duýgusyndan ejir çekýär, çalt semreýär, ýaralaryň has kyn bitýär, beden aşa köp derleýär, mydama ýadawlyk duýgusy peýda bolýar, işe ukyplylyk peselýär.

Süýjüli diabet keseli bilen diňe bir adamlar däl, eýsem käbir süýdemdiriji jandarlar hem keselleýärler. Beden iýmitiň bol bolan mahalynda hem açlygyndan ejir çekýär. Wagtynda bejergi edilmese bu kesel bedeni has howply ýagdaýa sezewar edýär. Süýjüli diabet keselinden ejir çekýän näsaglar ýörite endokrinolog lukmanlaryna ýüz tutup, bejergi almalydyrlar. Häzirki wagtda internet maglumatlary esasynda Ýer ýüzünde 250 millondan gowrak adam bu keselden ejir çekýär.

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň mugallymy.