Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly ulgam – döwrebap mümkinçilikler ✦ ✦ “Parahatçylyk – bagtyň açary” atly döredijilik sergisi ✦ ✦ Ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň ähmiýeti ✦ ✦ Uçar ganatym bedew ✦ ✦ Tejen etrabynda “Hünärim bar-hormatym bar” atly sergi geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda söhbetdeşlik gurnaldy ✦ ✦ Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ Türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde üstünligi ✦ ✦ Bedew at — halkyň myrady ✦ ✦ “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik geçirilýär ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler
  19.01.2025
156
Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler

Paýtagtymyzyň günorta bölegindäki asma ýoluň ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, düýpli abatlaýyş işleri geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer B. Annamämmedow hasabat berdi.


Hasabatda bellenilişi ýaly, bu işler türkmen gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Şuňa baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Karar taslamasy hödürlenildi.


Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň keşbiniň barha gözelleşýändigini, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş merkezleriniň, medeni-durmuş maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ýeralýandygyny nygtady we paýtagtymyzyň asma ýolunda düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi barada resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

Çeşme: Altyn asyr Türkmenistan