Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýyllarymyz uly üstünliklere beslenýär. Şeýle ýyllarda taryhy pursatlary, şanly wakalary bilen jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlary boýunça amala aşyrylýan özgertmeler parahatçylyk söýüjilik,hoşniýetlilik,birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine ygrarly halkymyzyň asuda hem abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda geçirilýän her bir köpçülikleýin çäreler watanymyzyň gazanan üstünlikleriniň giňişleýin beýany bolup, ýurdumyzyň durmuşyna täze sahypa bilen ýazylýar. Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet bilen hökmünde mundan beýläkki ösüşi hem parasatly ýöredilýän bilim syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen ýaşlaryna döwrebap bilim bermek, ähli amatlyklary bolan häzirki zaman binalarynda döredijilikli işlemek üçin hemme mümkinçilikler bar. Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, halkara derejesinde işlemäge ukyply,hünärine ökde häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan, zähmetsöýer, Watanymyzyň barha kuwwatlamagy ugrunda ýadawsyz, zähmet çekjek nesiller boluo ýetişmeginde bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň orny uludyr.
Magtymguly Pyragynyň pedagogik däpleriniň we mugallymçylyk ideýalarynyň ruhunda terbiýelenýän we durmuşa gadam basýan ýaş nesil ata-babalarymyzdan ýörelge edinilen milli terbiýe mekdebiniň talaplaryna tabyn, oňa hormat goýmaga endik edinen şahsyýet bolup ýetişýär. Magtymguly Pyragynyň döredejiligi terbiýe mekdebidir. Onuň baý mazmunly goşgulary özboluşly pedagogik medeniýetiniň däplerini döredip biziň häzirki günlerimize çenli gelip ýetipdir. Biziň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutymyzda hem yzygiderli geçirilýän halkara ylmy maslahatlar, konferensiýalardyr sergiler, onlaýn okuwlar umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant goşan medeniýetimize, ýurdumyzyň taryhy medeni mirasyny ähli öwüşgini bilen görkezmäge mümkinçilik berýär. Institutymyzda şahsy seneler mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň yzygiderli geçirilmegi bu günki günde asylly däbe öwrüldi. Biziň talyplarymyz meşhur şahyrlaryň we ady belli kompozitorlaryň döredijilikli mugallymlaryň ýazan eserleriniň esasynda geçirilýän çärelerde çykyş edip, dana Magtymguly Pyragynyň ýazan eserlerini, goşgulardyr aýdymlaryny joşgunly ýerine ýetirýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda çap edilýän ylmy edebiýatlaryň sany we düzümi barha artýar. Döretmek, gurmak we onuň hözirini görüp, erkana ýaşamak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak üçin döredýän ýokary mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Şirin ROZYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň mugallymy.