Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bosagasynda, hormatly Prezidentimiziň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň jemlenmegi mynasybetli döreden we çapdan çykaran “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitaby halkymyz we okyjylar üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary, 2025-nji ýylyň ilkinji günlerinden badalga alyp, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz, 27-nji dekabrda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda, 2024-nji ýylda taryhy özgertmeleriň durmuşa geçirilendigini, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň has-da rowaçlanandygyny belledi. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejede bellenilmegi bilen birlikde, şahyryň döredijiliginiň we edebi mirasynyň dünýä edebiýatyndaky ornuna ýokary baha berildi. Şu mejlisde döwlet Baştutanymyz, öz döredijilik zähmetiniň netijesi bolan “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabyň çap edilendigini habar berdi.
Täze kitabyň mazmuny, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna, onuň öwrenilişine we şahyryň parahatçylyk we ynsanperwerlik pikirlerini dünýäde pugtalandyrmakdaky ornuna bagyşlanyp, sekiz sany bölümden ybaratdyr. Bu bölümler:
“Magtymgula düşünmegiň açary”
“Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary”
“Pähim-paýhas ummany”
“Parahatçylygyň şahyry”
“Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry”
“Halk ýadyndan aýrylma”
“Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar”
“Hakyň hem hakykatyň ýolunda”.
Kitapda Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň we dünýä medeni mirasynda tutan orny, şahyryň pähim-paýhasly pikirleri, ylmy esasda berilýän düşünjeler bilen baýlaşdyrylyp beýan edilýär. Şeýle hem, 2024-nji ýylda şahyryň 300 ýyllyk toýuna bagyşlanyp geçirilen halkara derejeli çäreler we Magtymgulynyň şygyrlarynyň dünýä medeniýetine täsiri giňden öwrenilipdir.
Kitap türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilip, nepis fotosuratlar bilen çeperçilik taýdan nepislenip, estetiki owadanlyk bilen bezelipdir. Onuň sahypalarynda Magtymguly Pyragynyň eserlerinden hem-de şaýyryň ömri bilen bagly gyzykly maglumatlardan doly mazmunly materiallar ýerleşdirilipdir.
25-nji noýabrda, Türkmenistanyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly täze kitaby tamamlanyldy. Bu eser, türkmen halkynyň medeni mirasyny we Magtymgulynyň adamzat medeniýetine goşan uly goşandyny beýan edip, şahyryň eserleriniň ruhy gymmatlyklaryna täsirini giňden açyp görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň bu ajaýyp eserleri, halkymyzyň medeni mirasyna bolan buýsanjyny has-da artdyryp, geljekki nesiller üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.
Mähri Daňatarowa
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk
fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.