Güneşli ülkämiziň baý biodürlüligi bolup, ösümlikler aýratyn ähmiýete eýedirler. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda dermanlyk ösümliklere uly üns berilýär. Ýurdumyzyň daglyk ýerlerinde ösüp ýetişýän dermanlyk häsiýete eýe bolan ösümlikleriň biri-de burçly gülhatmadyr (rusça, шток - роза угловатая, latynça, alcea angulata).
Gülhatmalaryň ýer ýüzünde 80-den gowrak görnüşi ýaýrandyr. Burçly gülhatma mamamçörekler maşgalasyna degişli ösümlik bolup, onuň boýy 60-150 santimetre çenli ösmäge ukyplydyr. Ýaşaýyş şekili boýunça ikiýyllyk ýa-da köpýyllyk otjumak ösümlik. Ýöne seýrek ýagdaýda birýyllyk otjumak ösümlik görnüşinde hem ösüp ýetişýär. Ösümligiň esasy baldagy köpsanly şahalanýar. Baldagy köpsanly ak reňkli ýumşak tüýjagazlar bilen örtülendir. Burçly gülhatmanyň gülleri dogry we iki öýli bolup, salkyma ýygnanan görnüşlidir. Güllerde tyçinkalary köpsanlydyr. Ösümligiň ýapraklary baldakda nobatlaýyn ýerleşendir. Burçly gülhatmanyň ok görnüşli kök ulgamy bar. Miweleri gury gutujyk şekilli.
Burçly gülhatma Türkmenistanyň daglarynda deňiz derejesinden 400-1600 metr belent ýerlerde ösüp ýetişýär. Dag eňňitlerinde we peslik ýerlerde bitmeýär. Bu ösümlik maý-iýun aýlarynda gülleýär, iýul-awgust aýlarynda miwe emele getirýär. Ösüp ýetişýän ýerlerinde seýrek ösümlik hasaplanmaýar. Bu ösümligiň tebigy gory ýeterlikli. Dermanlyk maksatlarda giňden peýdalanylýar. Burçly gülhatma bezeg hökmünde, boýag serişdelerini almakda hem ähmiýetlidir. Ösümligiň köklerinden, porruklaryndan, ýapraklaryndan taýýarlanylan derman serişdeleri halk lukmançylygynda sowuklamanyň garşysyna, gakylyk goparmakda, deri kesellerini we süňk döwüklerini bejermekde giňden ulanylýar.
Ýurdumyzda endemiki dermanlyk ösümlik hasaplanylýan burçly gülhatmanyň ýaýraýşy, botaniki aýratynlyklary, himiki düzümi we dermanlyk ähmiýeti barada Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köpjiltli ensiklopediki kitabynyň 3-nji tomunda giňden beýan edilip geçilýär.
Ogulsadap DURDYÝEWA
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Farmokologiýa
kafedrasynyň mugallymy