Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler
  08.01.2025
614
Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler

Türkmenistanda daşary ýurt hukuk diplomlaryny ykrar etmegiň tertibi täzelendi. Türkmenistanyň Bilim Ministriniň 2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda çykaran 392 belgili buýrugy bilen daşary ýurtlarda berlen hukuk diplomlaryny ykrar etmegiň Tertibine düýpli üýtgeşmeler we täze talaplar girizildi. Bu karar, daşary ýurtlarda hukuk ugry boýunça bilim alan öwrenijileriň sowatlylygyny we milli kanunçylyga laýyklygyny berkitmäge niýetlenendir.


Täze düzgünler esasynda “hukuk işi” ugry boýunça berlen ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalar üçin özboluşly düzgünler kesgitlendi. Esasy üýtgeşmelerden biri, daşary ýurtlarda hukuk bilimi alanlar üçin 3 aýlyk tölegli okuw programmasynyň düzülmegi boldy. Bu okuw programmasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Adalat ministrligi tarapyndan tassyk edilip, hukuk bilimine degişli täze bilimleri hödürlär.


Elektron we uzak aralykly bilim tehnologiýalary arkaly alnan diplomlary ykrar etmek üçin ýörite synag topary dörediler. Bu topar, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Baş prokuraturasy, Adalat ministrligi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we beýleki degişli edaralaryň wekillerinden ybarat bolar.


Hukuk biliminiň hili bilen bagly girizilen täze talaplar, milli hukuk ulgamynyň talaplaryna doly laýyk gelmegi we hukuk ugry boýunça bilim alýan ýaşlaryň sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Çeşme: minjust.gov.tm

Zuhra ROZYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniñ Gidromeliorasiýa fakultetiniñ
Ýer serişdeleri kafedrasynyñ mugallymy