Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Bilim - Berkarar geljegiň binýady ✦ ✦ Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteri - täze eýýamyň saglyk we ykdysady ösüş binýady ✦ ✦ Seýsmik howplar meselesi barada maslahat geçirildi ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat: täze usullar bilime ornaşýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy
  28.12.2024
108
«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilinde çap edilmeginiň şanyna ýörite dabaraly çäre geçirildi. Bu çärä Türkmenistandan hem-de daşary ýurtlardan gelen ýokary derejeli wekiller gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.


Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar. Şeýle-de çärä «Itochu Corporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti gatnaşyp, bu dabaranyň halkara ähmiýetini artdyrdy.


Tanyşdyrylyş çäresinde çykyş edenler, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eseriň ýapon dilindäki neşiriniň, okyjylara Türkmenistanyň ýaşlar babatynda alyp barýan syýasatyny, şol sanda ýaş nesle edilýän üns-aladany beýan edýändigini aýratyn nygtadylar. Kitapda ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik we ahlak gymmatlyklary bilen terbiýelemegiň ähmiýeti giňişleýin düşündirilýär.


Bu eser, türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň çäginde, iki halkyň biri-biriniň däp-dessurlaryny we gymmatlyklaryny has gowy tanamagyna ýardam edýär. Şeýle-de bu neşir, ýaşlary ösdürmekde bilime we terbiýä berilýän ähmiýeti aýratyn beýan edýär.


Çykyşlarda soňky ýyllarda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň bilim we ylmy ugurlarda has-da işjeň ösdürilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Ýaponiýanyň uniwersitetleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar, bilim pudagynda netijeli hyzmatdaşlygyň mysalydyr. 


Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary instituty we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň birnäçe abraýly okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň dowam edýändigi nygtaldy.


Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bu gymmatly eseri ýapon dilinde neşir etdirendigi üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdiler. Şeýle hem bu kitabyň ýaş nesliň bilim derejesini ýokarlandyrmakda we milli gymmatlyklary wagyz etmekde uly goşant goşjakdygy bellenildi.

 

Baýramgözel BAKYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň  mugallymy.