Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Bilim - Berkarar geljegiň binýady ✦ ✦ Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteri - täze eýýamyň saglyk we ykdysady ösüş binýady ✦ ✦ Seýsmik howplar meselesi barada maslahat geçirildi ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat: täze usullar bilime ornaşýar ✦
Baş sahypa / Saglyk /Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy
  30.12.2024
89
Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy

Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we onkologiýa kesellerine garşy öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek maksady bilen, täze onkologiýa merkezleriniň gurulmagy möhüm ädimdir. Onkologiýa keselleri boýunça näsaglara irki tapgyrda anyklama, bejergi we gözegçilik çäreleri has netijeli geçirilýär. Täze binalar we döwrebap onkologiýa enjamlary, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we raýatlaryň saglygyny goramakda möhüm rol oýnaýar.


Ýurdumyzda onkologiýa kömegi üç derejeli sebitleýin ulgama esaslanýar:

Şäher we etrap derejesinde onkologiýa serediş otaglary;

Welaýat derejesinde onkologiýa hassahanalary;

Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi tarapyndan üpjün edilýän döwlet derejesindäki hyzmatlar.

Her bir şäherde we etrapda, saglyk öýlerinde onkologiýa serediş otaglary işläp, ilata howply täze döremeleriň öňüni almak, olary anyklamak we gözegçilik geçirmek ýaly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär. Welaýat derejesinde, onkologiýa hassahanalary, Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi bilen hyzmatdaşlykda, çişleriň kesgitlemegi we bejergisi boýunça işleri dowam etdirýär.


Türkmenistanda, 2009-njy ýylda ulanmaga berilen Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, ilata ýokary hilli onkologiýa kömegi bermekde möhüm orna eýe bolup, şeýle kömekleri saglyk öýlerine usulyýet we maslahat görnüşinde berýär.


Paýtagtymyz Aşgabatda häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, ýurdumyzyň onkologiýa ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen täze taslamadyr. Merkez, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary we ylmy usullary bilen üpjün edilip, Türkmenistany we Merkezi Aziýa sebiti üçin möhüm onkologik merkezleriň birine öwrülýär. Bu merkezde, täze tehnologiýalar we lukmançylyk usullary bilen onkologiýa kesellerini bejermek, gözegçilik we ylmy-barlag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini 2026-njy ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Aýgözel ORAZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş,
bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň mugallymy.