Ýürek-damar keselleri dünýäde iň köp duş gelýän we howply keselleriň biri bolup durýar. Bu keselleriň diňe fiziki täsirleri däl, eýsem, ruhy bozulmalar bilen utgaşykly ýüze çykmagy hem ähtimaldyr. Ýürek-damar saglygy bilen ruhy saglygyň özara baglanyşygyny öwrenmek we doly bejeriş strategiýalaryny işläp düzmek örän möhümdir.
Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda köplenç aşakdaky ruhy bozulmalar duş gelýär:
Bu keselleri bejermekde öňdebaryjy ýurtlar ýokary tehnologiýaly enjamlar we innowasion usullar arkaly uly üstünlik gazanýarlar. Aşakda şol ýurtlaryň käbirleri we olaryň ulanylýan enjamlary barada maglumat berilýär:
Germaniýa - kardiologiýa we kardiohirurgiýa ugurlarynda dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biridir. Bu ýurtda ýürek-damar kesellerini bejermekde ýokary tehnologiýaly enjamlar giňden ulanylýar. Mysal üçin, Germaniýanyň "Fresenius Medical" kompaniýasynyň "Multi Filtrate PRO" enjamy ultragemofiltrasiýa usuly bilen näsagyň ganyny zyýanly maddalardan arassalamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, "MAQUET" kompaniýasynyň reanimasiýa bölümleri, dessin terapiýa we operasiýa zallary üçin enjamlar ulanylýar.
Ysraýyl - kardiologiýa we kardiohirurgiýa ugurlarynda innowasion usullary ornaşdyrýan ýurtlaryň biridir. Bu ýurtda ýürek-damar kesellerini bejermekde robotlaşdyrylan hirurgiýa, minimal inwaziw operasiýalar we ýokary takyklyga eýe bolan anyklaýyş enjamlary ulanylýar. Şeýle-de, Ysraýyl kardiologiýa boýunça ylmy-barlag işlerinde öňdebaryjy bolup, täze bejergi usullaryny işläp düzýär.
Türkmenistanda - hem ýürek-damar kesellerini bejermekde öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň Halkara Kardiologiýa merkezi dünýäniň iň kämil innowasion enjamlary bilen üpjün edilip, Germaniýa, Fransiýa, Ysraýyl, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň meşhur önüm öndürijileriniň lukmançylyk enjamlary ulanylýar. Merkeziň lukmanlary nemes kärdeşleri bilen tejribe alyşyp, ýürek-damar kesellerini bejermekde ýokary netijelere ýetýärler.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek üçin uly möçberli maýa goýumlar goýulýar. Türkmenistanyň "Saglyk" Döwlet Maksatnamasynyň çäklerinde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek we häzirki zaman saglyk infrastrukturasyny döretmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.
Bahargül Meredowa
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Psihiatriýa, narkologiýa we
medisina psihologiýasy kafedrasynyň asistenti