Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Bilim - Berkarar geljegiň binýady ✦ ✦ Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteri - täze eýýamyň saglyk we ykdysady ösüş binýady ✦ ✦ Seýsmik howplar meselesi barada maslahat geçirildi ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat: täze usullar bilime ornaşýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Seýsmik howplar meselesi barada maslahat geçirildi
  27.12.2024
203
Seýsmik howplar meselesi barada maslahat geçirildi

Aşgabatda 2024-nji ýylyň dekabr aýynda «Seýsmik howplara baha bermek, bolup biljek ýer titremeleri öňünden bilmek we olara garşy iş alyp barmagyň milli mümkinçiliklerini artdyrmak» taslamasynyň jemleýji maslahaty geçirildi. Bu taslama, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýär.


Maslahata gatnaşan alymlar we hünärmenler Türkmenistanda ýer titreme howpuny azaltmak we seýsmik barlaglary ösdürmek boýunça geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan hem, ýurduň ýer titreme howply sebitlerinde halkara standartlaryna laýyklykda barlaghana döretmek we täze binagärlik-gurluşyk toplumlarynyň seýsmik howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri gozgaldy.


BMGÖM-iň halkara geňeşçisi Sergeý Týagunow maslahatyň dowamynda, taslamanyň çäginde geçirilen okuwlaryň ähmiýetini nygtap, «Seýsmik howp» atly okuw kitabynyň taýýarlanandygyny belledi. Bu kitap, seýsmologiýa we ýer titreme howplaryny öwrenmek babatynda möhüm bilim çeşmesi hökmünde ulanylar.


BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, seýsmologiýa we betbagtçylyk howpuny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Ol taslamanyň 2018-nji ýylda başlanyp, seýsmik howpsuzlyk ulgamyny kämilleşdirmekde möhüm ädimler bilen dowam edýändigini belledi.

Maslahatyň dowamynda, seýsmik howpsuzlygy ýokarlandyrmak maksady bilen, «Seýsmik howpsuzlygy üpjün etmek baradaky» Kanunyň taslamasynyň taýýarlanylandygy hem habar berildi. Bu kanun, Türkmenistanda ýer titreme howplarynyň öňüni almak boýunça kanunçylyk binýadyny pugtalandyrar diýlip garaşylýar.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Merdan KAKAJANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.