Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Erasmus+ maksatnamasyna bagyşlanan Maglumat Güni geçirildi. Bu çäre professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda guralyp, Ýewropa Bileleşiginiň bilim we mümkinçilik maksatnamasynyň giň ugurlaryny tanyşdyrdy.
Çäräniň dowamynda Erasmus+ maksatnamasynyň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Aýna Çörekliýewa çykyş edip, maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň üstünlikleri we ýokary bilim ugry boýunça hödürlenýän mümkinçilikler barada giňişleýin maglumat berdi. Erasmus+ maksatnamasy 2021–2027-nji ýyllary öz içine alyp, bilimi, hünär taýýarlygyny, ýaşlary we sporty döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar maksatnamanyň şu aşakdaky ugurlary bilen tanyşdylar:
Erasmus+ maksatnamasy Ýewropa Bilim we Medeniýet ýerine ýetiriji agentligi tarapyndan Brýussel şäherinde dolandyrylýar. Maksatnama bilim ulgamynyň döwrebaplaşmagyna, tejribe alyşmak mümkinçiligini giňeltmäge we ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar maksatnama bilen baglanyşykly soraglaryny orta atyp, anyk we giňişleýin jogaplary aldylar. Erasmus+ maksatnamasy, esasan, ýaşlara daşary ýurtlarda bilim kämilleşdirmek üçin mümkinçilik döredýär we talyp ýaşlaryň, hünärmenleriň tejribesini baýlaşdyrmaga ýardam edýär.
Has giňişleýin maglumaty Ýewropa Komissiýasynyň FTOP portalyndan alyp bilersiňiz: https://ec.europa.eu/info/funding-tenders/opportunities/portal/screen/home.
Eziz RAHMANOW,
Turkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ talyby.