Telemedisina, sanly tehnologiýalar arkaly uzakdan lukmançylyk hyzmatlaryny bermekdir. Häzirki döwürde bu ugur saglygy goraýyş ulgamynyň güýçli guralyna öwrüldi. Aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşi bilen telemedisina ulgamy lukmanlaryň we saglyk işgärleriniň näsaglary uzakdan anyklap, bejermäge we gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa geografiki çäklendirmeleri ýok edip, saglygy goraýyşa bolan elýeterliligi artdyrýar.
Türkmenistanda telemedisinanyň ösdürilmegi we lukmançylyk hyzmatlaryny sanly ulgamlaryň üsti bilen elýeterli etmek meselesine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sanly ulgamyň ähli ugurlarda ornaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan döwlet syýasaty saglygy goraýyş ulgamynda hem öz beýanyny tapýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkyň saglygyny has netijeli goramaga we döwrüň talaplaryna laýyklykda hyzmatlary giňeltmäge gönükdirilendir.
Bu ulgam hususan-da, ýerli we şäherden uzak ýerlerde ýaşaýan adamlara saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini artdyrmaga ýardam edýär. Uzak ýerlerde saglyk edaralarynyň azlygy sebäpli lukmançylyk hyzmatlary çäklendirilip bilner, emma telemedisina arkaly näsaglar sanly wideo-çarçuwalar, telefon arkaly maslahatlar ýa-da hat görnüşinde habar alyşmak esasynda lukmanlar bilen aragatnaşyk saklap bilerler.
Bu ulgam öz gezeginde, näsaglar we lukmanlar üçin amatly mümkinçilikleri üpjün edýär. Näsaglar, adatça saglyk barlaglary, yzygiderli kontrol ýa-da birinji derejeli konsultasiýa üçin uzak ýol geçmekden halas bolup, lukmançylyk hyzmatlaryny öýlerinde kabul edip bilýärler. Bu, saglygy goraýyş ulgamyny has netijeli we wagty tygşytlamak üçin amatly mümkinçilikler döredýär.
Telemedisina ulgamy käbir ýurtda kanunçylyk, ýagny lukmançylyk düzgünleri bilen çäklendirilen ýagdaýlarda ulanylyp biler. Lukmanlar telemedisina hyzmatlaryny ýerlerde hödürlemäge ygtyýarly däl ýa-da diňe belli görnüşde hyzmatlary hödürläp bilerler. Mundan başga-da, telemedisina hyzmatlary üçin tölegleriň tölenmegi we kanunlar ýurduň dürli böleklerinde tapawutlanýar, bu bolsa onuň giňden ulanylyşyny çäklendirýär.
Telemedisina saglygy goraýyş ulgamyny özgertmekde möhüm orun eýeleýär. Bu, saglygy goraýşa elýeterliligi ýokarlandyrmak, amatlylyk, tygşytlamak we näsaglary yzygiderli gözegçilikde saklamak ýaly köp peýdalary üpjün edýär. Sanly tehnologiýalar we sanly hyzmatlaryň peýdalanylyşy, bu ulgamdaky kynçylyklary ýeňip geçmekde kömek eder. Geljekde telemedisina, dünýäniň ähli künjeklerinde saglygy goraýyşyň netijeliligini ýokarlandyrmak we elýeterliligini artdyrmak üçin esasy gural bolar.
Mähri DAŇATAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.