Türkmen tebigaty dermanlyk ösümlikleriniň dürli görnüşleri bilen baý bolup, halk lukmançylygynda hem-de häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýar. Bu tebigy baýlyklary ylmy esasda öwrenmek we nesillere ýetirmek maksady bilen, Milli Liderimiz tarapyndan döredilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli eser uly ähmiýete eýe. Häzirki wagtda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiň 16 tomy bar bolup, bu kitaplarda ýurdumyzda duş gelýän dermanlyk ösümlikler we olaryň peýdalanylşy barada aýdyň beýan edilýär. Bu gymmatly işde tebigatyň şypaly ösümlikleriniň aýratynlyklary, olaryň dermanlyk häsiýetleri we ulanylyş usullary ylmy taýdan beýan edilýär. Eser, diňe bir ýurdumyzda duş gelýän ösümliker barada wagyz etmek bilen çäklenmän, ösümlikleriň häzirki zaman lukmançylygynda ulanylmagyna hem ýol görkeziji gollanma bolup durýar.
Üzärlik (Peganum harmala) — bu dermanlyk ösümlik halk lukmançylygynda gadymy döwürlerden bäri ulanylýar. Üzärlik mikroblary ýok etmekde we keselleriň öňüni almakda peýdalydyr. Onuň tüssesi öýlerde arassaçylyk maksady bilen ulanylýar. Mundan başga-da, üzärlik nerw ulgamyna täsir edip, ukyny gowulandyrmaga, stresiň öňüni almaga kömek edýär. Ol bedendäki gan aýlanyşyny gowulandyrmaga ýardam berýär.
Hoz (Juglans regia) — hozyň miwe we ýaglary bedeniň immun ulgamyny güýçlendirýär. Onda köp mukdarda witaminler we minerallar bar, ollaryň bedeniň güýçlenmegine we sagdyn bolmagyna ýardam berýär. Şeýle hem hoz ýürek-damar ulgamyny gowulandyrmaga kömek edýär, gan basyşyny sazlamaga ýardam berýär. Hozyň özboluşly ýaglarynyň oňat peýdalanylyşy, ony şeýle-de akyl ukyplaryny ýokarlandyrmak üçin ulanmaga mümkinçilik döredýär.
Ýandak (Alhagi maurorum) — bu ösümlik Türkmenistanda çöllük sebitlerde ösýär we tebigatyň şypaly hazynalarynyň biridir. Ýandak dem alyş ulgamynyň kesellerine, şol sanda bronhiti we sowuklamany bejermekde ulanylýar. Onuň düzümindäki maddalar gan aýlanyşyny gowulandyrmaga kömek edýär, toksinleriň bedenden çykmagyna ýardam berýär. Ýandak, şeýle hem deriniň kesellerini bejermek üçin melhem hökmünde ulanylyp, ýaralary we çişmeleri azaltmaga kömek edýär.
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy iş, daşary ýurtly hünärmenleriň hem uly gyzyklanmasyny döredýär. Kitapda dermanlyk ösümlikleriň bejeriş häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda nädip peýdalanmalydygyny görkezýän giňişleýin maglumatlar berilýär.
Bu kitabyň dünýäniň dürli dillerinde terjime edilmegi, onuň neşiriniň gymmatlydygyny we meşhurlyk gazanandygyny subut edýär. Dermanlyk ösümlikleriň we halk lukmançylygynyň özboluşly ensiklopediýasy bolup hyzmat edýän bu eser, adamzat medeniýetiniň, şol sanda lukmançylyk ulgamynyň baýlyklaryna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň köp asyrlyk tejribesi we ýörelgeleri bilen tanyşmaga ýardam edýär.
Bu ösümlikler diňe bir halk lukmançylygynda däl, eýsem, häzirki zaman lukmançylygynda hem giňden ulanylýar. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli eserde, bu we beýleki dermanlyk ösümlikleriň ähmiýeti giňden beýan edilýär. Olaryň bejerijilik häsiýetleriniň ylmy taýdan öwrenilmegi we täze usullar bilen ulanylyp, jemgyýetimiziň saglygyna uly täsir edýär.
Gülşirin ŞÜKÜROWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň farmakologiýa
kafedrasynyň mugallymy.