2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli hem-de ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, okuw-usuly seminar geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýrugyna laýyklykda, şanly senelere degişli sapaklaryň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen geçirildi.
Seminara ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdy. Çäräniň başynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen döwlet toparynyň mejlisiniň ähmiýeti bellenildi. Mejlisiň dowamynda şanly seneler mynasybetli geçirilýän çäreleriň we okuw sapaklarynyň ýokary derejede gurulmagynyň möhümdigi nygtaldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň kararyna laýyklykda, 2025-nji ýylda ýokary okuw mekdeplerinde şanly seneler bilen bagly ýörite okuw sapaklaryny guramak boýunça Iş topary döredildi. Seminar çäklerinde, gatnaşyjylar 2025-nji ýylda talyplar bilen geçiriljek okuw we terbiýeçilik işleriniň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça pikir alyşdylar hem-de birnäçe teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu çäre, ýurdumyzda şanly seneleriň möhüm ähmiýetini nygtamak bilen bir hatarda, talyplaryň watançylyk ruhuny ýokarlandyrmakda möhüm ädim boldy.