Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Hukukçy talyp Ýaponiýada tejribe toplady ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat geçirildi ✦ ✦ Gyzykly geçen söhbetdeşlik ✦ ✦ Adam beýnisiniň işjeňligi we ony ösdürmek ✦ ✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Gyzykly geçen söhbetdeşlik
  23.01.2025
30
Gyzykly geçen söhbetdeşlik

Berkarar  döwletiň  täze  eýýamynyň Galkynyşy döwründe  Türkmenistan döwletimizde ähli pudaklarda ,  oba-hojalygynda, ylym-bilimde, söwda  senagatynda, telekeçilkde ägir uly özgerişlikler gazanylýar.  Gazanylýan üstünlikler  bagtyýar raýatlarymyzyň oňaýly şertlerde ýaşamaklygyna, döwrebap bilim almaklygyna  şert döredýär. 

Oba   hojalygynda  babadaýhanlarymyzyň  irginsiz zähmetiniň netijesinde  her ýylda  ösdürilip ýetişdirilýän  pagta hasylyndan  we pagta önümlerinden   çeper  elli  zenanlarymyz   tarapyndan   türkmen zenanyna  mahsus bolan  el işleriniň birnäçe görnüşleri  taýýarlanylýar.  Bulardan biri hem ýorgan-düşek taýýarlamakdyr.

Ýakynda   Zenanlar guramasynyň Tejen etrap bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň  Tejen etrap birleşmesiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Miras teleýaýlymynyň  bilelikde gurnamagynda    2025-nji “Halkara  Parahatçylyk we ynanyşmak”  ýyly mynasybetli  el işleriniň  biri bolan ýorgan-düşek taýýarlamak bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary öwrenmek,  toplamak  geljekki nesillerimize nusgalyk  galdyrmak  maksady bilen  ýorgan-düşegiň taýýarlanyşy barada Tejen etrabynyň ýaşaýjysy Sähetgurbanowa Bibi, Muhammedowa Gülşirin  bilen söhbetdeşlik  gurnaldy.

Söhbetdeşlikde  Gülşirin genje  ene-mamalarymyzdan  miras galan öýlerimiziň bezegi bolan,  ýorgan-düşekleriň taýýarlanyşy bilen baglanyşykly  işler dogrusynda  ýagny, islege görä 1 adam, 2 adam üçin niýetlenen ölçegde  ýa-da bolmasa körpeçe  düşekleriň  taýýarlanyşyny  giňişleýin gürrüň berdi.

Sähetgurbanowa Bibi genje ýorgan-düşek taýýarlananda  aýdylýan yrymlar bilen baglanyşykly  goşgularyň üsti bilen gyzykly rowaýatlar gürrüň berdi.

Söhbetdeşligiň  ahyrynda  oňa gatnaşyjylar  eziz Watanymyzda zenanlara  uly  sarpa  goýýan,  milli medeni-mirasymyzy  ösdürmekde taýsyz  tagallalary edýän  hormatly  Prezidentimiziň  adyna hoşallyk sözlerini  aýtdylar hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, başlarynyň dik,  alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

                     Aýsoltan ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň  Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Ahal  welaýatynyň
Tejen etrap birleşmesiniň hünärmeni,
Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.