Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly ulgam – döwrebap mümkinçilikler ✦ ✦ “Parahatçylyk – bagtyň açary” atly döredijilik sergisi ✦ ✦ Ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň ähmiýeti ✦ ✦ Uçar ganatym bedew ✦ ✦ Tejen etrabynda “Hünärim bar-hormatym bar” atly sergi geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda söhbetdeşlik gurnaldy ✦ ✦ Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ Türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde üstünligi ✦ ✦ Bedew at — halkyň myrady ✦ ✦ “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik geçirilýär ✦
Baş sahypa / Saglyk /Adam beýnisiniň işjeňligi we ony ösdürmek
  23.01.2025
141
Adam beýnisiniň işjeňligi we ony ösdürmek

Adam beýnisi – biziň her bir hereketimiziň, duýgumyzyň, pikirimiziň we keşbimiziň gözbaşynda duran täsin organ. Ony diňe bir biziň ýaşaýşymyzyň dolandyryjysy hökmünde däl-de, eýsem, öwrenmekden doýulmaýan açylmadyk dünýä hökmünde hem häsiýetlendirmek mümkin. Beýniniň işjeňligi nähili kämil bolsa, adam durmuşynda hem şonça ajaýyp mümkinçilikler döreýär.

 

Biziň beýnimiz, millionlarça sinapslar arkaly bir-biri bilen baglanyşýan takmynan 86 milliard neýronyň işleşýän ulgamy bolup, dünýäniň iň çylşyrymly “kompýuteridir”. Onuň işjeňligi diňe bir adamyň saglygyny dolandyrmak bilen çäklenmän, döredijilik, aň-düşünje we psihologiki ösüş ýaly ugurlarda hem möhüm rol oýnaýar.

 

Beýniniň işjeňligi adamyň çalt pikirlenmegini, çylşyrymly meseleleri çözmegini we özboluşly ideýalary döretmegini üpjün edýär. Mysal üçin, beýniň prefrontal korteksi (ýagny, öňki gaban bölegi) çuňňur pikirlenmek we planlaşdyrmak ýaly duýgur işleri ýerine ýetirýär. Alymlar beýniniň döredijilik ýagdaýynda has işjeň ýagdaýda bolýandygyny we kähalatda adaty düşünjelerden daşlaşyp, täze çemeleşmeleri hödürleýändigini belleýärler.

 

Adam beýnisi öz-özüni kämilleşdirmäge we üýtgeşmelere örän ukypludyr. Onuň işjeňligini artyrmak üçin aşakdaky amallary etmek maslahat berilýär:

 

  • Beýni yzygiderli täze zatlary öwrenende has güýçlenýär. Şol sebäpli hemişe täze zatlary öwrenmäge çalyşmaly.
  • Fiziki işjeňlik beýniniň gan aýlanyşyny güýçlendirýär.
  • Uky ýetmezçiligi beýniniň öndürijiligini peseldýär.

 

Adam beýnisi – biziň ösüşimiziň, döredijiligimiziň we öňe gidişligimiziň özeni. Onuň işjeňligi her bir adamyň öz mümkinçiliklerini doly açmagyna ýardam berýär. Beýni bilen dogry aragatnaşyk saklap, ony kämilleşdirmek – diňe bir özümize däl-de, eýsem, bütin jemgyýete goşant goşmagyň ýoludyr. Beýnimize dogry seredeliň, sebäbi ol biziň dünýämize täsir edýän iň güýçli ýaragdyr.

 

Humaý Amangeldiýewa

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň patologik
fiziologiýa kafedrasynyň mugallymy.