Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary
  22.01.2025
33
Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary

Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitaby halkyň söýgüsini gazanyp, giň jemgyýetde uly gyzyklanma döretdi. Kitapda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň türkmen milletiniň ösüşine goşan beýik goşandy, şeýle-de dünýä edebiýatyndaky orny jikme-jik açylyp görkezilýär.

Hormatly Prezidentimiz kitabynda: “Akyldar türkmen milletiniň hem-de döwletliliginiň kemala gelmegine uly goşant goşdy. Pyragynyň baky şöhrata beslenen ady diňe bir türkmen edebiýatynyň däl-de, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhyna-da müdimilik ýazyldy” diýip belleýär. Şahyryň ynsanperwerlige we dostluga çagyrýan eserleri häzirki wagtda hem ähmiýetini ýitirmän, täze nesiller üçin nusga bolup galýar.

Täze kitap Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilen taryhy çäreler bilen utgaşykly işlenip düzüldi. Kitapda bu çäreler, şeýle-de şahyrymyzyň edebi mirasynyň dünýä derejesindäki ähmiýeti hakynda giňişleýin maglumatlar berilýär.

“Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitap halkymyzyň milli edebi mirasyna bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. Bu gymmatly sowgadyň awtory hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny dileýäris.

Jahan ÖWLÝAKULYÝEWA,  
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen 
döwlet mugallymçylyk institutynyň 
Pedagogika fakultetiniň talyby.