Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly ulgam – döwrebap mümkinçilikler ✦ ✦ “Parahatçylyk – bagtyň açary” atly döredijilik sergisi ✦ ✦ Ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň ähmiýeti ✦ ✦ Uçar ganatym bedew ✦ ✦ Tejen etrabynda “Hünärim bar-hormatym bar” atly sergi geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda söhbetdeşlik gurnaldy ✦ ✦ Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ Türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde üstünligi ✦ ✦ Bedew at — halkyň myrady ✦ ✦ “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik geçirilýär ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Sanly ulgam we ýaşlar
  21.01.2025
145
Sanly ulgam we ýaşlar

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça täze başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Bu ugurda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi häzirki zaman sanly hyzmatlary giňden ornaşdyrmagy we olary has kämilleşdirmegi öz öňünde maksat edinýär.

Aragatnaşyk pudagynyň ýaş hünärmenleri, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna uly goşant goşýarlar. Ýurdumyzyň häzirki zaman sanly tehnologiýalaryna esaslanýan innowasion ösüşleri ýaşlaryň öňünde täze mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap desgalar we enjamlar bilen doly üpjün edilen aragatnaşyk merkezleri hünärmenleriň ýokary ussatlyk derejede taýýarlanmagyny talap edýär.

Ýaş hünärmenleriň halkara tejribä daýanyp, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşine, milli ykdysadyýetiň innowasion esasda ilerledilmegine uly ähmiýet berýärler. Mundan başga-da, aragatnaşyk hyzmatlarynyň amatlaşdyrylmagyny, olaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyny we müşderilere elýeterliliginiň artdyrylmagyny gazanmak ýaş hünärmenleriň esasy wezipeleriniň biridir.

Türkmenistanda sanly tehnologiýalaryň täze taryh ýazýandygyny bellemek bolar. Ýaş hünärmenleriň yhlasy, bilim we tejribesi ýurdumyzyň sanly ulgamyň durnukly ösüşine hyzmat eder.

Humaý AMANGELDIÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky  
TDLU-nyň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň mugallymy.