Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly ulgam – döwrebap mümkinçilikler ✦ ✦ “Parahatçylyk – bagtyň açary” atly döredijilik sergisi ✦ ✦ Ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň ähmiýeti ✦ ✦ Uçar ganatym bedew ✦ ✦ Tejen etrabynda “Hünärim bar-hormatym bar” atly sergi geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda söhbetdeşlik gurnaldy ✦ ✦ Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ Türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde üstünligi ✦ ✦ Bedew at — halkyň myrady ✦ ✦ “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik geçirilýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /“Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi!
  21.01.2025
153
“Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi!

Türkmenistanyň ýaşlarynyň döredijilik, ukyp-başarnyklaryny hem-de milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyny görkezýän ýene bir täsirli çäre yglan edildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda, Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlaryna niýetlenendir.

Bu bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesilleriniň ruhubelentligini, başarnyklaryny hem-de milli medeni mirasymyza sarpasyny açyp görkezmegi maksat edinýär.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýaş nesilleriň geljekki ösüş ýolunda uly borçlaryny ýerine ýetirip, mynasyp adamlara öwrüljekdigine uly ynam bildirýär. Şol esasda bäsleşik türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, gözellik we medeni miras gymmatlyklaryny dabaralandyrmaga gönükdirilendir.

Talyp gyzlar iş başarjaňlygy, ugurtapyjylygy, keşp we edep gözelligi, milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüsi bilen özlerini görkezmek üçin bu giň gerimli çärede bäsleşerler.
Has giňişleýin maglumat üçin şu ýerden peýdalanyň.