Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly ulgam – döwrebap mümkinçilikler ✦ ✦ “Parahatçylyk – bagtyň açary” atly döredijilik sergisi ✦ ✦ Ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň ähmiýeti ✦ ✦ Uçar ganatym bedew ✦ ✦ Tejen etrabynda “Hünärim bar-hormatym bar” atly sergi geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda söhbetdeşlik gurnaldy ✦ ✦ Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ Türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde üstünligi ✦ ✦ Bedew at — halkyň myrady ✦ ✦ “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik geçirilýär ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi
  22.01.2025
154
Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

Golaýda, Babadaýhan etrabynyň Medeniýet öýünde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabara geçirildi. Bu aýdym-sazly dabarany etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölümi bilelikde gurady.

Dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadam basylan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagynyň halkymyzda buýsanç duýgusyny döredip, ildeşlerimizi täze-täze üstünliklere ruhlandyrandygy dogrusynda aýdylanlar uly gyzyklanma bilen diňlendi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, şan-şöhratynyň arşa göterilmegi bilen bagly ýagşy arzuwlaryny aýtdylar hem-de halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Etrabyň medeniýet we sungat ussatlary ajaýyp çykyşlary bilen dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýladylar. Aýdym-sazly çykyşlarda ýurdumyzyň ösüş-özgertmeleri uly joşgun bilen wasp edildi.