Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet komiteti Milli hasaplar ulgamynyň (MHU) täzelenen nusgasyna laýyklykda, statistik hasabat ulgamyny kämilleşdirmekde nobatdaky möhüm ädimini ätdi. Bu iş, halkara hyzmatdaşlaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) netijeli goldawy bilen amala aşyryldy.
Täze başlangyçlaryň çäginde, döwlet klassifikatorlary bilen bir hatarda maliýe, bank, ätiýaçlandyryş, ylym we syýahatçylyk ýaly esasy pudaklary öz içine alýan täze usulyýetler işlenip düzüldi. Esasy serişdeleriň sarp edilişini hasaplamak üçin hem döwrebap çemeleşmeler girizildi. Munuň netijesinde, statistika işgärleriniň hünär derejesi ep-esli ýokarlandyryldy.
BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, Türkmenistanyň milli hasaplar ulgamynyň täzelenen görnüşine esaslanýan täze statistik hasabaty girizmek boýunça tagallalaryny ýokary bahalady. Ol häzirki zaman we hemmetaraplaýyn statistika ulgamyny döretmekde BMGÖM-iň goldawyny dowam etdirjekdigini nygtady.
Jahan NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.