13–21-nji ýanwar aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk hünäriniň 4-nji ýyl talyby H.Myratgeldiýewa Ýaponiýanyň MIRAI maksatnamasynyň çäginde «Kanunyň hökmürowanlygy» ugry boýunça gysga möhletli okuwa gatnaşdy.
Okuw programmasynda «Ýaponiýanyň Merkezi Aziýa we Zakawkazýe döwletleri babatdaky daşary syýasaty», «Halkara jemgyýetinde kanunyň hökmürowanlygy», «Ýaponiýanyň administratiw kazyýet ulgamy» we beýleki hukuk bilen bagly temalarda sapaklar geçirildi. Şeýle hem gatnaşyjylar Ýaponiýanyň taryhy ýerleri, medeniýeti we bilim ulgamy bilen tanyşdylar.
Bu halkara okuwa Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Azerbaýjan, Ermenistan we Gruziýa ýaly döwletlerden talyplar, magistrler we hukuk işgärleri gatnaşdylar. MIRAI maksatnamasynyň esasy maksady – gatnaşyjylaryň hukuk babatda bilim we düşünje derejesini ýokarlandyrmak hem-de olaryň halkara gatnaşyklarda kanunyň ähmiýetini has-da giňişleýin öwrenmekdir.
Türkmenistanyň hukukçy talyby H.Myratgeldiýewa bu mümkinçilikden peýdalanyp, Ýaponiýanyň hukuk ulgamynda gazanan tejribelerini öz okuw tejribesine goşdy.