Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Syýasy işjeňlik ― jemgyýetiň ösüşiniň binýady
  20.12.2024
77
Syýasy işjeňlik ― jemgyýetiň ösüşiniň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşyň hemme tarapyny öz içine alýan ägirt uly işler amala aşyrylyp, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymaty Türkmenistanyň ösüş syýasatynyň düýp özenini düzýär.

 

Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň baş maksadynyň adam hakyndaky aladadygyny täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli künjeginde, ähli pudaklarynda alnyp barylýan işler, amala aşyrylýan il bähbitli özgertmeler, ýerine ýetirilýän wezipeler we göz öňünde tutulýan belent maksatlar aýdyň subut edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Syýasy partiýalar hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, Maksatnamasyna we Tertipnamasyna laýyklykda guramak bilen, beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly tutumly işleriň giňden düşündirilmegine, wagyz edilmegine, üstünlikli amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermegi özüniň baş wezipesi hasaplaýar. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasy döwlet edaralarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, senagat we oba hojalyk pudaklarynda işleýän öz agzalarynyň üsti bilen hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bize beren bagtyny wagyz-nesihat etmek boýunça ilat arasynda geçirilýän terbiýeçilik, syýasy-düşündiriş işleri arkaly jemgyýetimiziň ösüşine öz täsirini ýetirýär.

 

Partiýa guramalarynyň işjeňligini ýokarlandyrmak, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalaryny ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly seneleri ýokary derejede mynasyp garşylamaga ugrukdyrmak, buýsançly geçmişimizi, şanly şu günümizi, eşretli ertirimizi, özgertmelere beslenýän bagtyýarlyk döwrümiziň ajaýyp üstünliklerini wagyz-nesihat etmek işleri ýokary guramaçylykly alnyp barylýar.

 

Halkymyzyň döredijilik güýjüni bir ugra gönükdirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak, il-ýurt bähbitli işleriň ählisiniň başlangyjynda, wakalaryň jümmüşinde bolmak partiýa guramalarynyň alyp barýan syýasy-jemgyýetçilik işiniň esasynda durýar. Halkymyzyň beýik geljegi üçin taryhy işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Şöhrat JODYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň
Köýtendag etrap komitetiniň bölüm müdiri.