Häzirki zaman lukmançylygynda arterial gipertoniýa we beýniniň gan üpjünçiliginiň bozulmalary jemgyýetçilik saglygyna uly howp salýan meselelere öwrüldi. Bu keselleriň irki etaplarynda olaryň ýüze çykmagyna we agyrlaşmagyna täsir edýän faktorlaryň arasynda wegatatiw (awtonom) nerw ulgamynyň ýagdaýy aýratyn orny eýeleýär. Bu makalada ilkinji arterial gipertoniýaly we beýniniň gan üpjünçiliginiň bozulmalary bolan näsaglarda wegatatiw statusyň ähmiýeti we onuň keselleriň öňüni almakdaky roly seljeriler.
Arterial gipertoniýa – gan basyşynyň uzak möhletleýin ýokarlanmagy bilen häsiýetlenýän keseldir. Bu ýagdaý gan damarlarynyň howpsuzlygynyň peselmegine we beýniniň gan üpjünçiliginiň bozulmagyna sebäp bolup biler. Beýniniň gan üpjünçiligiň bozulmalary, esasanam kiçi gan damarlarynyň zeperlenmegi bilen, damar demensiýasynyň we insultyň ýüze çykma töwekgelçiligini artdyrýar.
Şeýle ýagdaýlarda wegatatiw nerw ulgamy möhüm orny oýnaýar. Ol gan basyşyny sazlaýar, damarlaryň darlygyny ýa-da giňişligini dolandyrýar we bedenimiziň dürli organlarynyň arasynda deňagramlylygy üpjün edýär.
Wegatatiw nerw ulgamy iki esasy bölege bölünýär:
Simpatik bölegi: Gan basyşyny ýokarlandyrýar, ýürek urşuny çaltlaşdyrýar we bedeni stres ýagdaýyna taýýarlaýar.
Parasimpatik bölegi: Gan basyşyny durnuklaşdyrýar, ýürek urşuny haýalladýar we dynç ýagdaýyny üpjün edýär.
Ilkinji gipertoniýaly näsaglarda bu ulgamlaryň arasynda deňagramlylygyň bozulmagy ýüze çykýar. Simpatik ulgam aşa işjeňleşýär, parasimpatik ulgam bolsa gowşap, gan basyşynyň durnuksyzlygynyň we beýni gan üpjünçiliginiň bozulmalarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.
Wegatatiw statusyň deňagramlylygynyň bozulmagy aşakdaky täsirlere sebäp bolup biler:
Simpatik ulgamyň aşa işjeňleşmegi gan damarlarynyň daralmagyna sebäp bolup, beýnä barýan gan akymyny çäklendirýär. Bu ýagdaý beýniniň zerur kislorod we iýmit maddalary bilen üpjünçiliginiň azalmagyna getirýär.
Gan basyşyň kadalaşdyrylmagynyň bozulmagy ýüregiň we beýniniň gan üpjünçiligi bilen bagly köplenç agyr ýagdaýlara, meselem, insulta we gipoksiýa, sebäp bolýar.
Wegatatiw statusyň ýagdaýy ilkinji arterial gipertoniýa we beýni gan üpjünçiliginiň bozulmalarynda esasy faktorlaryň biri bolup durýar. Onuň deňagramlylygynyň bozulmagy keseliň irki alamatlarynyň ýüze çykmagyna we agyrlaşmalaryna sebäp bolup biler. Şonuň üçin, lukmançylykda wegatatiw ulgamyň ýagdaýyny seljermek we kadalaşdyrmak, näsaglaryň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda möhüm ädimleriň biri bolup durýar.
Geljekde bu ugurda has giňişleýin gözlegleriň geçirilmegi, gipertoniýanyň we beýni gan üpjünçiligi bozulmalarynyň öňüni almak we bejermek boýunça täze mümkinçilikleri açyp biler. Wegatatiw statusyň öwrenilmegi diňe bir keseliň irki anyklanyşyna däl, eýsem, onuň netijeli dolandyrylmagyna hem ýol açýar.
Arslan AZYMBAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby lukmançylyk fakultetiniň 6-njy ýyl talyby.