Häzirki zaman tehnologiýasynyň ösmegi bilen, adamzadyň durmuşynyň dürli ugurlarynda öwrülişikler amala aşyrylýar. Şol ugurlaryň arasynda saglyk hem bar. Neýron tor ulgamlary – emeli aňyň bir görnüşi bolup, adamyň beýnisiniň işine meňzeş ýagdaýda işleýän bu tehnologiýa, saglyk pudagynda uly özgerişliklere ýol açýar. Maglumatlary çuňňur öwrenmek we täze çözgütleri tapmak ukyby bilen, neýron tor ulgamlary hassahanalardan laboratoriýalara çenli ähli ugurlarda ulanylýar.
Neýron tor ulgamlary, adamyň beýnisiniň iş prinsiplerine esaslanyp, maglumatlary işlemek üçin döredilen algoritmler toplumy. Olaryň esasy maksady – çylşyrymly maglumatlary seljerip, çözgüt çykarmak. Meselem, lukmançylyk maglumatlaryny öwrenmek, genetiki maglumatlary seljermek ýa-da rentgen suratlarynda keselleriň alamatlaryny tapmak ýaly işleri ýerine ýetirmekde ol örän netijelidir. Bu ulgamlaryň işleýiş gurluşynda “gatlaklar” bar: giriş gatlagy, içki gatlaklar we çykmak gatlagy. Gatlaklaryň arasynda maglumatlar seljerilýär we işlenýär, bu bolsa ulgamyň täze maglumatlara “öwrenmegine” mümkinçilik berýär.
Olaryň rentgen, MRT, we KT ýaly bejeriş usullarynda ulanylmagy arkaly keselleriň irki alamatlaryny ýüze çykarmak mümkinçiligi ýeňilleşýär we kämilleşýär. Mysal üçin: içgin öwrenilen neýron tor ulgamy, öýken ragynyň irki alamatlaryny rentgen suratlarynda ýokary takyklyk bilen anyklap biler.
Şeýle-de genetiki maglumatlaryň seljerilmegi, keselleriň ýakyn geljekde nähili täsir edip biljekdigini çaklamaga mümkinçilik berýär. Neýron tor ulgamlary bu maglumatlary derňäp, hassanyň saglyk ýagdaýyna görä şahsylaşdyrylan bejergi meýilnamalaryny hödürläp biler. Mysal üçin: adamyň DNK maglumatlaryny seljerip, neýron tor ulgamy ýürek keselleriniň ýa-da diabetiň ýüze çykmak töwekgelçiligini çaklap biler.
Neýron tor ulgamlary saglyk pudagynda örän uly täsir galdyrýar. Olar keselleri irki tapgyrlarda anyklamakdan başlap, şahsylaşdyrylan bejergi usullaryny hödürlemäge çenli dürli ugurlarda ulanylýar. Bu tehnologiýa diňe bir adamzadyň ömrüni uzaltmak bilen çäklenmän, saglyk hyzmatlaryny has arzan we elýeterli eder. Geljekde neýron tor ulgamlarynyň has kämilleşdirilmegi bilen, saglyk dünýäsinde täze bir eýýamyň başlanmagyna garaşylýar.
Halkara tehnologiýa we lukmançylyk alymlarynyň bilelikdäki tagallalary bilen, neýron tor ulgamlary adamyň saglygyny goramakda iň öňdebaryjy ýaraglaryň birine öwrüler. Bu, adamzadyň saglyk baradaky gözýetimlerini düýpgöter üýtgedip biler.
Saparmyrat NURYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň müdiri.