2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynda sanly ulgam arkaly welaýat we Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirlikleriniň pedagogik işgärleri üçin usuly-amaly okuw maslahaty geçirildi. Maslahata 30 bilim işgäri gatnaşdy. Okuw maslahaty "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" şygary astynda alnyp baryldy.
Maslahaty Milli bilim institutynyň direktory B.Bäşimow açyp, gatnaşyjylary täze ýyl bilen gutlady hem-de bilim ulgamynda täze belentlikleriň gazanylmagyny arzuw etdi. Ol, 2024-nji ýylda gazanylan üstünlikler bilen birlikde, 2025-nji ýylda öňde durýan wezipeler barada giňişleýin düşündiriş berdi.
Hünär kämilleşdirmegiň möhüm ugurlary.
Maslahatyň dowamynda bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda täze okuw maksatnamalarynyň we konsepsiýalaryň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, "Türkmenistanda umumybilim maksatnamalarynyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy" hem-de PISA, TIMSS, PIRLS ýaly halkara bilim maksatnamalarynyň milli ulgama ornaşdyrylmagy boýunça görülýän çäreler aýratyn nygtaldy.
Milli bilim institutynyň dürli bölümleriniň ýolbaşçylary geçen ýylyň işleriniň jemleri we 2025-nji ýyl üçin meýilleşdirilen çäreler barada çykyş etdiler. Okuw-usuly maslahatyň dowamynda mugallymlaryň hünär taýdan kämilleşmegi, usulyýetçilik işleriň döwrebaplaşdyrylmagy we halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ösdürilmegi barada anyk teklipler berildi.
Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bilim özgertmeleri.
Maslahata gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän özgertmeleriniň ähmiýetini nygtap, döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdiler. Bilim işgärleri "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda" usuly-amaly okuwlaryň netijeli we ýokary derejede geçirilmegi ugrunda işjeň we döredijilikli işlejekdiklerini aýtdylar.
Maslahat türkmen bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda täze maksatlary kesgitläp, onuň ösüş ýolunda möhüm ädim boldy.
Parahat TLEUOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň
Dil öwreniş bölüminiň mugallym-öwrenijisi.