Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň şäher we Çärjew etrap komitetleriniň hem-de Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň guramagynda «Watan – biziň başymyzyň jygasy, Watan – nesilleriň tämiz sabasy» ady bilen dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gurnaldy.
Dabara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşuly nesil, harby gullukçylar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň pederi Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylyk ýoly, Watanyň mukaddesligi we ony goramagyň nesilleriň öňündäki borjy barada çykyşlar diňlenildi.
Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk ýörelgeleriniň we hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk we ynsanperwerlik syýasatynyň, BMG-niň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmeginiň ähmiýeti barada hem çykyş edildi.
Dabara gatnaşyjylar Beýik Watançylyk urşy muzeýindäki taryhy gymmatlyklar bilen tanyşyp, gerçek ýigitlerimiziň gahrymançylygyndan we ildeşlerimiziň tylda çeken zähmetinden ruhlandylar. Bu çäre ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhuny we pederlerimiziň şöhratly ýoluna bolan buýsanjyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.