Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýasynyň iň täsirli açyşlarynyň biri emeli aň (AI) bolup, ol diňe bir adaty tehnologiýa däl, eýsem, bütin jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuşyny üýtgetjek öwrülişikleriň çeşmesidir. Emeli aň, adam akylynyň işleýşine meňzeş maglumat işlemek we çözgüt çykarmak ukyby bilen, ylmy, ykdysady, sosial we saglyk pudaklarynda täze mümkinçilikleriň gapysyny açýar.
Emeli aň, kompýuter we maşynlaryň adam ýaly pikirlenmek, öwrenmek we karar kabul etmek ukybyny ösdürmek üçin döredilen tehnologiýa görnüşidir. Ol giňden ulanylýan birnäçe ugra bölünýär:
Maşyn Öwrenişi (Machine Learning): Ulgamlaryň maglumatlardan öwrenip, algoritmleri täze maglumatlara uýgunlaşdyrmagy.
Çuňňur Öwreniş (Deep Learning): Neýron tor ulgamlary arkaly örän çylşyrymly maglumatlaryň seljerilmegi.
Tebigy dili öwrenmek (Natural Language Processing): Adam dillerini öwrenmek we düşünmek ukyby.
Bu aýratynlyklaryň birleşmegi arkaly emeli aň adam üçin çylşyrymly meseleleri ýeňilleşdirýär we öň görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri döredýär.
Emeli aň geljekde jemgyýetiň ähli ugurlaryna has çuňňur täsir edip biler. Onuň esasan aşakdaky ugurlarda uly özgerişliklere sebäp bolmagyna garaşylýar:
Meselem, Emeli aň käbir iş orunlaryny ýitirmek bilen birlikde, täze kärleri we hünärleri döretmek mümkinçiligine eýe. Emeli aň inženerleri, algoritm dizaýnerleri, we maglumat derňewçileri geljekde iň talap edilýän hünärleriň arasynda bolar. Ylmy barlaglarda we kosmos öwrenişde emeli aňyň ulanylmagy, täze açyşlaryň tizligini artdyryp biler. Geljegiň emeli aňy adamlar üçin has şahsylaşdyrylan hyzmatlary döretmekde uly orny eýelär. Emeli aňyň ösmegi bilen onuň öňünde durýan kynçylyklar hem bar mysal üçin, emeli aň üçin ulanylýan maglumatlaryň howpsuz saklanmagy möhüm meseleleriň biridir, algoritmleriň ýalňyş maglumatlara esaslanmagy käbir topardaky adamlara ýaramaz täsir edip biler.
Emeli aňyň adam durmuşyna aşa goşulyşmagy we adam erkinligini çäklendirmegi mümkinmi?
Bu soraglara jogap bermek üçin tehnologiýa işgärleri, alymlar, we hukuk işgärleri bilelikde işlemeli. Emeli aň diňe bir tehnologiýa däl, eýsem, adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryna täsir edip biljek öwrülişikdir. Ol ykdysadyýetiň ösmegine, saglygyň gowulanmagyna, bilim ulgamynyň döwrebaplaşmagyna we jemgyýetiň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Geljekde emeli aň bilen adamzadyň arasyndaky hyzmatdaşlyk has netijeli we adalatly bir dünýä döredip biler. Şeýlelikde, emeli aň adamzat üçin diňe bir tehnologiýa däl-de, täze mümkinçilikleriň gapysyny açýan bir serişdedir.
Ogulşirin MOMMYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.