Boýbodran (Achillea millefolium) ösümligi tebigatda giňden ýaýran dermanlyk ösümlikleriň biridir. Türkmen halk lukmançylygynda we dünýäniň beýleki sebitlerinde boýbodran dürli keselleri bejermekde tebigy melhem hökmünde ulanylyp gelinýär. Onuň düzümindäki bioaktiw maddalar birnäçe kesellerde şypa hökmünde ulanylmagyna mümkinçilik berýär. Bu makalada boýbodran ösümliginiň himiki düzümi, dermanlyk häsiýetleri, ýygnalyşy we ulanylyşy barada giňişleýin maglumat berilýär.
Boýbodran ösümliginiň dermanlyk maksatly ulanylmagy üçin ony dogry ýygnamak we taýýarlamak möhümdir.
Ýygylýan döwri: Maý aýyndan iýun aýynyň ortalaryna çenli gülläp başlan wagty iň amatly döwürdir.
Ýygylýan bölegi: Baldaklaryň ýokarky bölegi 15 sm uzynlykda kesilýär. Güleleriniň her biri 2 sm uzynlykda ýa-da kiçi buket görnüşinde ýygnalýar.
Saklanyşy: Kök bilen gazylmagy ekologiýa deňagramlylygyna zyýan ýetirip, ösümligiň sebitden ýitip gitmegine sebäp bolup biler. Şonuň üçin diňe ýerüsti bölekleri ýygnalýar.
Ösümligiň kökünden başlap, baldaklarynda, ýapraklarynda we güllerinde dermanlyk häsiýetli maddalar jemlenendir. Hoşboý ysly, baldagynda, ýapragynda, gülünde efir ýagy, flawonoidler, ahillein, glikozidler, karotin we biologik işjeň maddalar saklanýar. Boýbodran ösümliginiň halk lukmançylygynda dürli keselleri bejermekde ulanylyşy giň gerimlidir. Içege spazmalaryny aýyrmaga, iç bozulmalaryny kadalaşdyrmaga we onikibarmak içegäniň ýaralaryny bejermäge ýardam berýär. Böwrek daşlaryny eretmekde, peşew çykaryşy gowulandyrmakda, ýaralaryň çalt bitmegi üçin boýbodran melhemi ulanylýar. Ol deri tämizleýji täsire eýedir. Dem alyşy gowulandyrmaga, kelle agyryny aýyrmaga we bagyr agyrylarynda peýdaly täsir edýär.
Boýbodran dürli görnüşde, şol sanda çaý we melhem görnüşinde ulanylýar:
Çaý taýýarlaýyş usuly:
Boýbodran ösümligi tebigy melhem bolup, köp dürli keselleri bejermekde halk lukmançylygynda uly ähmiýete eýedir. Onuň düzümindäki bioaktiw maddalar bedene dürli melhem täsirlerini ýetirýär. Şeýle-de bolsa, ösümligiň nädogry ýa-da aşa köp ulanylmagy saglyk bilen bagly islenmeýän täsirleri döredip biljekdigine görä, ony ulanmazdan öň lukman bilen maslahatlaşmak maslahat berilýär.
Jennet ILAMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Psihiatriýa,
narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň
mugallymy.