Lukmançylyk enjamlary häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynda keselleri anyklamakda, bejermekde we öňüni almakda, şeýle hem näsaglaryň durmuş hilini ýokarlandyrmakda örän möhüm orun eýeleýär. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy ilatyň saglyk hyzmatlaryndan ýokary hilli peýdalanmagyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilip, olaryň kömegi arkaly keselleri irki döwürde anyklamak, döwrebap bejergi usullaryny ulanmak we näsaglaryň saglygyny durnuklaşdyrmak boýunça täze mümkinçilikler döredilýär.
Lukmançylyk enjamlary aşakdaky esasy toparlara bölünýär:
Anyklaýyş Enjamlar - Keselleri anyklamak we lukmanlara dogry diagnoz goýmakda kömek edýän enjamlar. Mysallar:
Bejeriş enjamlar - Keselleri bejermek ýa-da dolandyrmak üçin ulanylýan enjamlar
Gözegçilik enjamlar - Saglyk görkezijilerini yzygiderli yzarlamak we maglumat bermek üçin ulanylýar:
Ösen anyklaýyş enjamlary keselleriň irki döwürlerinde ýüze çykarylmagyna mümkinçilik berýär. Mysal üçin, MRT we KT enjamlary rak keselini ýa-da beden zeperlerini ýokary takyklyk bilen anyklamaga kömek edýär.
Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýaly diagnostiki enjamlaryň giňden ulanylmagy ýola goýuldy. Näsaglary bejermekde ulanylýan döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagy, saglygy goraýyş edaralarynyň bejeriş mümkinçiliklerini ýokarlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Täze saglyk merkezleriniň we hassahanalaryň gurluşygy bilen birlikde, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilýär.
Mysal üçin:
Paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde açylan Halkara saglygy goraýyş merkezleri dünýäniň iň ýokary standartlaryna laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Welaýat hassahanalarynda ulanylýan döwrebap diagnostiki we hirurgiki enjamlar oba ýerlerinde ýaşaýan ilata ýokary hilli saglyk hyzmatlaryny ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy bilen yzygiderli ösýär. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy diňe bir näsaglara ýokary hilli hyzmat bermek bilen çäklenmän, eýsem, keselçilik derejesini azaltmaga we ilatyň saglygyny berkitmäge uly goşant goşýar. Şeýle ösüşler ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň halkara standartlaryna laýyk derejä ýetýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Mähri DAŇATAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň
mugallymy.