Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Sport /Türkmenistanly agyr atletikaçy Aziýa çempiony boldy
  26.12.2024
223
Türkmenistanly agyr atletikaçy Aziýa çempiony boldy

Türkmenistanly agyr atletikaçy Gülälek Kakamyradowa, 64 kg agram derejesinde çykyş edip, Doha (Katar) şäherinde geçirilen Aziýanyň ýaşlar we ýetginjekler çempionatynda ýeňiş gazandy we Aziýanyň çempiony diýen şanly ada mynasyp boldy. Bu ýeňiş, Gülälek üçin we türkmen agyr atletikasynyň taryhynda möhüm bir sene bolup, ýurdumyzyň halkara sport sahasynda gazanýan üstünlikleriniň ýene-de bir mysaly bolup durýar.


Gülälek Kakamyradowa ştangany silterläp galdyrmakda 92 kg, itip galdyrmakda bolsa 110 kg agramy göterip, jemi 202 kg netije gazandy. Bu üstünligi bilen, türkmen sportunyň dünýä derejesinde has ýokary orna eýe boljakdygyny we sportçylarimiziň dünýä arenasynda bäsleşmäge doly taýýar bolandygyny görkezýär. Ýaryşyň ikinji orny Medine Amanowa eýeledi, ol 201 kg (92+109) bilen ikinji orna mynasyp boldy. Üçünji orny bolsa Hytaýyň Taýbeýi şäherinden gelen Li En-Ýun 200 kg (89+111) bilen eýeläp, podiumyň 3-nji basgançagyna çykdy.


Bu üstünlik, diňe Gülälek Kakamyradowanyň şahsy ussatlygyny däl, eýsem, Türkmenistanyň agyr atletikasynyň dünýäde eýeleýän orny barada hem doly subutnama bolup durýar. Şeýle-de, bu ýeňiş, sportuň bu görnüşinde ýaşlaryň we sportçylaryň ýokary netijeler gazanmagy üçin mümkinçilikleri has giňeltmäge itergi berýär. Gülälek Kakamyradowanyň we onuň toparynyň bu çempionlyk gazanmagy, türkmen sportynyň halkara derejesinde üstünlikli ösüşini görkezýär we ýaşlar üçin has manyly bir ugur açýar.

 

Gözel BEGENJOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby.