Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl ajaýyp zähmet ýeňişlerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmakda ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmekde alyp barýan işleri netijesinde halkymyz bagtyýar durmuşda zähmet çekýärler, amatly şertlerde dynç alýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul edýän maksatnamalary Ahal welaýatynda bu gün öz netijesini berýär. Ýylda 40 müň tonna pagtany gaýtadan işleýän Tejen etrabynyň Altyn asyr Tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanasynda zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Kärhanada pagta hasylyny ekmekde tohumlyk pagta çigitleri taýýarlanýar hem-de tohumlyk pagtany gaýtadan işläp, pagta çigidini, pagta lintini, pagta ulýugyny öndürip ýurdumyzyň ýag we dokma kärhanalaryna ugradylýar.
Kärhanada 2025-nji ýylyň pagta ekiş möwsüminde ýerine ýetirilmeli işler hem-de möwsümde zähmeti goramak boýunça kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilişi, her bir iş ornunda zähmeti goramagyň degişli talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişi, önümçilikdäki betbagtçylykly hadysalaryň, ýol-ulag we ýangynyň döremegi bilen bolup geçýän hadysalaryň hem-de hünär keselleriniň öňüni almak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Kärhananyň agzybir işgärleri Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän bu ajaýyp mümkinçiliklerine jogap edip arman-ýadaman zähmet çekýärler. Halkymyza baky bagtyýarlygy ýaran eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaç bolmagyny arzuw etýärler!
Maral AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň esasy hünärmeni.