Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly ulgam – döwrebap mümkinçilikler ✦ ✦ “Parahatçylyk – bagtyň açary” atly döredijilik sergisi ✦ ✦ Ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň ähmiýeti ✦ ✦ Uçar ganatym bedew ✦ ✦ Tejen etrabynda “Hünärim bar-hormatym bar” atly sergi geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda söhbetdeşlik gurnaldy ✦ ✦ Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ Türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde üstünligi ✦ ✦ Bedew at — halkyň myrady ✦ ✦ “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik geçirilýär ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmen-amerikan bilim hyzmatdaşlygy ösdürilýär
  31.01.2025
209
Türkmen-amerikan bilim hyzmatdaşlygy ösdürilýär

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Elizabet Rud bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşykda, hususan-da, okuw maksatnamalarynyň kämilleşdirilmegi, mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy we bilim hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekilleri şu ýyl ýurduň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň we “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” çäklerinde bilim hyzmatdaşlygynyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.

Amerikan tarapy bolsa, iňlis dili okuwlarynyň kämilleşdirilmegi, täze okuw usullarynyň ornaşdyrylmagy hem-de talyplar we mugallymlar üçin goşmaça mümkinçilikleriň döredilmegi bilen baglanyşykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.

Taraplar ikitaraplaýyn bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça özara gyzyklanmalaryny tassykladylar we bu gatnaşyklaryň adam maýasynyň ösmegine hem-de akademiki gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga hyzmat etjekdigini nygtadylar.


Çeşme: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi